Ussa doganlar

24 Maý 2023
592

Pederlerimiziň «Ata kesbi — ogla halal» diýen parasatly pähiminiň durmuş hakykatyna öwrülendigini Hudaýberdiýewleriň agzybir we zähmetsöýer maşgalasynyň mysalynda hem görmek bolýar. Maşgalabaşy Nuritdin aga etrapda ilkinji bolup agajy gaýtadan işlemek boýunça telekeçilik işine girişen bolsa, indi ýaşuly ussanyň ogullary onuň yzyna eýerýärler. Hawa, Farap şäherinde ýaşaýan ussa doganlar Jelaleddin we Jemşitdin ýurdumyzda el hünäri bilen gözellik döredýän ýaşlar hökmünde giňden tanalýarlar. Olar hususy kärhanasynda agaç çemçelerden başlap, gapydyr derwezeleri, aşhana we öý mebellerini, oturgyçlardyr basgançaklary ýasamakda çekýän agzybirlikli zähmeti bilen gün-günden adygýarlar. Nuritdin aga ogullarynyň ikisiniň hem agaç ussaçylygyny özlerine kär hökmünde saýlandyklaryna buýsanýar. Çünki ýaşuly ussa eliňden gelýän iş bilen iliň möhümini bitirmegiň uly sogapdygyny aýdýar. Şeýle-de bu hususyýetçilik işi agzybir maşgala agzalarynyň ählijesiniň güýjüni-de bir ýere jemledi. Agzybirlikli çekilen zähmet bolsa elmydama üstünlige ýetirýär.

Ataly-ogullaryň ýany bilen kärhanada ýene-de agaç ussalaryň 15-si iş alyp barýar. Olar diňe bir agaç önümlerini ýasamak däl, eýsem, öýlere ýa-da kärhanalara baryp, dürli ölçegdäki mebel önümlerini gurnamak, bezemek işlerini-de ýerine ýetirýärler. Şeýle hem ýaş ussalaryň öz işlerinde döwrebap enjamlardan hem peýdalanýandyklaryny ýatlamak gerek. Elinden gül dökülýän ussa oglanlaryň işiniň hyrydarlary-da, müşderileri-de ýetik. Olaryň arasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan watandaşlarymyzyň bardygyny bellemek gerek. Ussa doganlar hususy kärhananyň işini ýene-de giňeltmegi maksat edinýärler. Bizem ýaş hususyýetçilerimize üstünlikleri arzuw edýäris.

Azat MAMEDOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Çärjew etrap geňeşiniň başlygy.