Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Köňülleriň şahyry

Ýakynda paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda ýazyjy-şahyrlaryň çeper okaýyşlary, aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýazyjy-şahyrlardyr bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Beýik söz ussady, türkmen halkynyň milli guwanjy Magtymguly Pyragy halkyň ykbaly bilen öz ykbalyny berk baglanyşdyrypdyr. Ol edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Şonuň üçin pikirini düşnükli we sada dilde beýan edipdir. Şeýlelikde, şahyr umumadamzat kalbynyň töründe mydamalyk orun almagy başarypdyr. Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, döredijiligi bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolan, taryhda öçmejek yz goýan dana pederlerimiziň bitiren ägirt uly işlerini öwrenmek baradaky öňde goýan wezipeleri, beýik şahsyýetlerimize goýýan hormaty, şeýle-de medeniýete, sungata, döredijilige berýän uly ünsi halkymyzy begendirýär hem-de has hyjuwly, ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Döredijilik duşuşygynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň dowam edip gelýän däplerini ösdürmekde, milli sungatymyzy ajaýyp şygyrlary bilen baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi, şeýle hem Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulardyr aýdymlar belentden ýaňlandy, milli medeniýetimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda uly işler

Akyldaryň şanyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Ählimize mälim bolşy ýaly, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300  ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde uly dabara bilen belleniljek bu ýylynda şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, aýdym-sazly dabaralaryň giň toplumy guralýar. Aşgabady etekläp oturan gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygy şanly ýylymyzda ähli halkymyzy guwandyrjak hem-de paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üstüni ýetirjek möhüm wakalaryň biri bolar. Şeýle hem, bu seýilgähde daşary ýurtly, görnükli ýazyjy-şahyrlaryň hem ençemesiniň heýkelleri oturdylar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişliginde hem beýik akyldaryň baýramynyň uly joşguna, ruhubelentlige, çuňňur many-mazmuna beslenjekdiginiň aýdyň görkezijisidir. Şeýle beýik işleriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň şöhratyny äleme ýaýmakda edýän ta

Ildeşimiziň şirin aýdymlary

Täze ýylyň öň ýanynda Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen baýramçylyk konsertinde çykyş eden daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Şol konsertde Russiýanyň belli aýdymçysy bolup ýetişen ildeşimiz Olga Şultaýsyň şirin owazly aýdymlary has hem täsirli boldy. Olga Şultaýs 1986-njy ýylda Aşgabatda ykbalyny asman gämileri bilen baglan uçar serkerdesiniň we uçarbelediniň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan aýdym-saza höwesek bolýar, mekdepde geçirilýän konsertlerde çykyş edýär, döredijilik bilen işjeň meşgullanýar. Olga sazçylyk mekdebiniň fortepiano hem-de wokal bölümlerini tamamlaýar. Onuň ejesi ir aradan çykýar, ol gyzyna aýdym-saza ýykgyn etmegi ündeýär. Şeýle bolansoň, Olga orta mekdebi tamamlandan soň, «Haýsy hünäri saýlap almaly?» diýlen sowal orta atylanda, ol ene-atasynyň kesbini däl-de, ejesiniň arzuw eden hünärini saýlap almagy ýüregine düwýär.

Milli gymmatlyklarymyza sarpa

Türki halklaryň medeni, ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda, şeýle hem olaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam etmekde TÜRKSOÝ guramasyna aýratyn orun degişlidir. Bu gurama türki halklaryň geçmiş taryhyny, medeni mirasyny, medeniýetini, sungatyny, döredijilik hem-de ylym dünýäsinde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek we bu ugurlarda özara tejribe alşylmagyny gazanmak maksady bilen halkara derejedäki dürli çäreleri, forumlary guraýar. TÜRKSOÝ-yň alyp barýan işinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçinem guramanyň hemişelik geňeşiniň çözgüdi esasynda ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň biri bolan Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Munuň özi abraýly gurama tarapyndan halkymyzyň baý taryhyna, ruhy-medeni mirasyna goýulýan sarpanyň nyşanydyr.

Kalpda döredýän şekiller

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň dogduk mekanynyň jana tenekar howasyndan dem alyp önüp-ösen döredijilik adamynyň ylhamynyň gözbaşy öz-özünden düşnükli bolsa gerek. Pyragyny gören daglardan alýan ylhamyndan kalbynda döreýän şekilleri özüniň agaçdan ýasaýan heýkellerine geçirýän heýkeltaraş, Magtymguly etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Maksat Şyhyýew bilen söhbetdeşligimiz onuň Magtymguly Pyraga we akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap döreden eserleri dogrusynda boldy.

Döwrüň ruhy sütüni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen uzak geçmişden gözbaş alýan medeniýetimizi, sungatymyzy, milli mirasymyzy ösdürmäge uly üns berilýär, medeni mirasymyzy toplamak, ylmy taýdan öwrenmek we ösüp gelýän ýaş nesilleriň arasynda giňden wagyz etmek işleri üstünlikli amala aşyrylýar. Häzirki döwürde ýurdumyzyň medeni durmuşyndaky özgertmeler halkymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrýar. Şekillendiriş we amaly-haşam, aýdym-saz, teatr, kino sungatynda, edebiýatda döredilýän eserlerde halkymyzyň abadan durmuşy, eziz Diýarymyzyň ýetýän belent sepgitleri çeper wasp edilýär.

Maşgala ojagy – edep-terbiýäniň milli mekdebi

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Hawa, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň milli aýratynlyklary bar. Ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar. Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.

Türkmen sahnasynyň ussady

«Görogly agam gelipdir» diýen sözleriň özboluşly, aýratyn äheňde aýdylyşy şu günler hem il arasynda ýatlanylyp gelýär. Bu jümle her gezek ýatlanylanda, adamlary ýylgyrmaga we şatlanmaga mejbur edýär. Ýekeje jümläni ýatda galyjy, täsirli edip aýdany üçinem artist Atageldi Nurmämmedow tomaşaçynyň hemişelik ýadynda galdy. Ol türkmen hem-de daşary ýurt dramaturglarynyň sahna eserleriniň köpüsinde çykyş etdi. Gogolyň «Derňewçi» dramasy esasynda goýlan spektaklda Dobçinskiniň keşbi hem artiste uly üstünlik getiren keşpleriň biridir. Onuň «Görogly» radiooýnunda Aga çopanyň, «Jigit hemişe jigit» atly kinofilmde ýerine ýetiren keşpleri hem diňleýjileriň we tomaşaçylaryň gowy ýadyndadyr. Nähili keşp ynanylsa-da, ol şol keşbi duýup bilýän zehinli artist hökmünde özüni tanatmagy başardy. Atageldi Nurmämmedow 1930-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä indi. Atadan ir mahrum bolmagy onuň üçin ýowuz durmuş synagyna öwrüldi. Halypa artistiň «Sekizinji hazyna», «Elwan ýaglykly serwim», «Ömür dawasy», «Hazynalar adasy» ýaly sahna oýunlarynda janlandyran keşpleri oňa uly abraý getirdi.

Änew medeniýeti — gadymy taryh

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen türkmen halkynyň ösen gadymy medeniýeti, maddy gymmatlyklary täze mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan taryhynyň dowamynda toplan tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp maddy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýete eýedir. Bu çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilipdi. «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýylda türki dilli döwletleriň dürli şäherlerinde döredijilikli mümkinçilikleri jemläp, şonuň esasynda dürli görnüşdäki täsirli medeni-ynsanperwer çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Beýik akyldaryň älem aşan sarpasy

Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär. Muny tutuş türki dünýäde şu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem doly tassyklaýar. Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edilip, kitaplar çap edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlygy, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär.

Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy

Şahandaz halkymyzyň durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Owazly aýdym-sazlar diňe bir toý-baýramlaryň şatlyk-şowhunyny artdyrman, eýsem, ruhy lezzet paýlap, köňülleri joşdurýar. Ajaýyp aýdym-sazlary diňläniňde, göwnüň göterilýär. Onuň jadylaýjy täsiri bar, ol ynsanyň kyn gününde hem teselli berýär. Dutar, gyjak, dilli tüýdük, gargy tüýdük, gopuz... ýaly milli saz gurallarymyzyň hersiniň üýtgeşik owazy, şirin mukamy bar. Gazma dutar ýaňlananda onuň kalbyňa nagyşlaýan şirin owazynyň täsirinden çykyp bilmeýärsiň. Owazy äleme ýaýran dutaryň emer-damaryňy eredýän şirin mukamyndan ganma ýok. Türkmen aýdym-saz sungaty öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Geçmiş taryhymyzda «dutarynyň sapyna bilbil gonduran» bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyndan ýazan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda belläp geçişi ýaly, türkmen topragy sungaty halkyň buýsanjy bolup durýan köp sanly bagşy-sazandalary döredipdir. Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalarymyz aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, halkyň gyzgyn söýgüsine eýe bolupdyrlar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Nury Halmämmedowyň döreden sazlaryna ýüzlenenimizde bu hakykata has-da göz ýetirýäris. Saz sungatynyň

Täze spektakl sahnalaşdyrylýar

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Ýaşlyk ýelgini» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar. Halypa ýazyjy Hemra Şirowyň pýesasy esasynda sahnalaşdylýan eserde halkymyzyň ençeme asyrlaryň synagyndan geçen maşgala bilen baglanyşykly dessurlary täsirli wakalaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Maşgalada söýginiň, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň wajypdygy hakynda gürrüň edilýär. Sahnada Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew, Narjan Hallakowa, Döwran Bekdurdyýew, Döwran Mädalyýew, Nurjemal Hydyrowa, Leýli Rejepowa, Begli Dowlyýew, Aýjahan Berdiýewa dagy keşp janlandyrýarlar. Teatryň tans artistleri Leýli Orazowanyň, Akmuhammet Saparowyň, Tirkeş Gylyjowyň ýerine ýetirýän tanslary sahnada bolup geçýän wakalaryň mazmunyny baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tomaşaçylara ýetiriljek spektakly režissýor Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar. Spektaklyň sahna bezegini Çingiz Töräýew, saz bezegini Meýlis Nuryýew ýerine ýetirýär.

Ykbalyny saza baglan ussat

Weli Muhadow diýlende dünýämizde, hakydamyzda häli-şindi teleradio gepleşiklerinde ýaňlanyp, gulagymyzyň ganan «Aşyklaryň şäheri», «Jan Türkmenistan!» ýaly aýdymlary biygtyýar ýadyňa düşýär. Öňki SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň, TSSR-iň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Weli Muhadow ýurdumyzda professional kompozitorlyk mekdebini esaslandyryjylaryň biridir. Döreden ajaýyp sazlary ýurdumyzyň saz sungatynyň ösmegine uly goşant bolan kompozitoryň döredijilik ýoly öwrenilmäge mynasypdyr. Ýurdumyzdan daşarda-da meşhurlyk gazanmagy başaran kompozitor 1916-njy ýylda Bagyr obasynda dünýä inýär. Kakasy Muhat aganyň sazyň ölemen aşygy bolmagy jadylaýjy owazdan gulagy kemsiz ganan Weliniň bu käri saýlamagyna ýol açýar. Olaryň öýleri hemişe köp adamly bolup, sazyň şirin owazy Welini özüne maýyl edýär. Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Garly bagşy, Magtymguly Garly ýaly bagşy-sazandalaryň ýygy-ýygydan öýlerinde bolup, aýdym aýdyp, saz çalmaklary onuň aýdym-sazy söýmegine itergi berýär. Munuň özi Muhat aganyň beýleki çagalarynyň hem ýaşlykdan türkmen halkynyň milli saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna getirýär.

Malaýziýa baranlara ilkinji dadyp görmegi maslahat berilýän tagam: nasi lemak

Nasi lemak — (malaýça nasi lemak —  ýagly tüwi) Malaýziýanyň milli tagamy. Bu tagam Malaýziýanyň milli naharydy, ýöne wagtyň geçmegi bilen ýurduň ähli etnik toparlarynyň arasynda meşhur bolup, soňlugy bilen goňşy ýurtlara-da ýaýrapdyr. Kokos süýdünde pandan ýapraklary atylyp gaýnadylan tüwi ýakymly sambal sousy bilen saçaga äberilýär (sambal sousy — Günorta-Gündogar Aziýanyň birnäçe ýurdunda giňden ýaýran gyzyl burç esasly sous). Oňa gowrulan arahis, gowrulan ançousy (külke balyk), gök önümler, hyýar, gaýnadylan ýumurtga (köplenç, ýarysy) we gowrulan towuk hem goşulýar. Kähalatda gowrulan towugyň ýerine et ýa-da gaýnadylan ýumurtganyň ýerine deňiz önümleri-de goşulýar. Bu nahar goňşy ýurtlarda-da taýýarlanylýar: Singapur, Bruneý, Taýlandyň günorta sebitleri, Indoneziýa — Sumatra adasynyň käbir ýerlerinde.

Tiz taýýar tagam

Tiz taýýarlanylýan lapşa — guradylan we dürli tagamlar goşulan makaron önümleri. Guradylan makaron dessejikleri üstüne gaýnag suw guýlan dessine, sanlyja minutyň dowamynda taýýar tagama öwrülýär. Guradylan makaron dessejikleri ilki ýagda gowrulan görnüşinde taýýarlanypdyr. Bu usul Aziýa ýurtlarynda has ýörgünlidir. Günbatarda welin sergin howada guradylan makarony halaýarlar. Tiz taýýarlanylýan lapşanyň düzüminde, esasan, un, krahmal, suw, duz we az mukdarda ortofosfor kislotasy bar. Tagam beriji goşundylaryň düzüminde bolsa, esasan, duz, glutamat natriý, ys berijiler we şeker bolýar. Tagam beriji goşundylar, adatça, aýratyn haltajygyň içinde bolýar.

Sungata sarpa

Düýn Medeniýet ministrliginde ýurdumyzyň teatr sungatynyň ussatlarynyň, režissýorlaryň, dramaturglaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik maslahaty geçirildi. Maslahatda hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň teatrlarynda ýaş nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen, şeýle hem milli mirasymyzy, taryhymyzy wagyz edýän, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak boýunça tabşyryklaryny üstünlikli amala aşyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň teatr ýolbaşçylary, režissýorlary, halypa dramaturglar, ussat artistler, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny, hususan-da, teatr sungatyny ösdürmek ugrundaky tagallalary üçin egsilmez alkyşlar aýtdylar.

Geçmişden geljege ak ýollar açyp

Bu gün eziz Diýarymyz medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleri, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Bu ugurdaky köpugurly tagallalar milli medeniýetimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, ruhy-edebi gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagynda şanly ýyllaryň biri bolar. Bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän halkara çäreler dost-doganlygyň, medeni hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy

Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaralar dowam edýär. Golaýda Aşgabat şäheriniň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işgärleriniň guramagynda «Pyragyň arzuwlan zamany geldi» atly sergi guraldy. Oňa toplumyň işgärleri we okuwçylary gatnaşdy. Sergide beýik akyldaryň eserler ýygyndylary, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan eserler, türkmen halkynyň taryhyna, medeni we milli mirasyna degişli muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilipdir. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly kitaplary, Pyragynyň ýaşan zamanasy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilen utgaşdyrylyp çekilen suratlar aýratyn orun eýeleýär.

Halkyň taryhy muzeýlerde ýaşaýar

Ýurdumyzdaky Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýler barada söhbet Halkymyzyň taryhyny we medeni mirasyny dünýä ýaýmakda, milli gymmatlyklaryny ýüze çykarmakda we toplamakda, olary ylmy esasda öwrenmekde hem gorap saklamakda muzeýlere uly orun degişlidir. Paýtagtymyz Aşgabat şäherinde hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda gurlup, ulanylmaga berlen muzeýlerde halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhyny öwrenmekde, milli mirasymyzyň hem-de maddy gymmatlyklarymyzyň goralyp saklanmagynda we olaryň ylmy taýdan öwrenilip, halk köpçüligine wagyz edilmeginde uly işler alnyp barylýar.

Dramaturglaryň bäsleşigi

16-njy fewralda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde 2023-nji ýylda ýurdumyzyň dramaturglaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylýan pýesalaryň hilini ýokarlandyrmak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän sahna eserlerini döredýän dramaturglary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşikde 1-nji orna «Maşgalam — baş galam» pýesasy bilen dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow, 2-nji orna «Şygyr diwany» drama eseri bilen ýazyjy Hemra Şirow, 3-nji orna bolsa «Altyn sallançak» pýesasy bilen Oguljemal Çaryýewa we Baýramgeldi Çaryýew dagy mynasyp boldy. Şeýle-de şahyr Öre Daşgynow «Kelamyň güýji», ýazyjy Öwezmyrat Berdimyradow, žurnalist Atamyrat Şagulyýew «Paryzdepe», Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Nursoltan Derýaýewa, Aýjeren Gadamowa, Käbe Sarenko we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Begenç Amaşow dagynyň drama eserleri höweslendiriji baýraklara mynasyp görüldi. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.