Täze spektakl sahnalaşdyrylýar

20 Fewral 2024
308

Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynda «Ýaşlyk ýelgini» atly täze spektakl sahnalaşdyrylýar. Halypa ýazyjy Hemra Şirowyň pýesasy esasynda sahnalaşdylýan eserde halkymyzyň ençeme asyrlaryň synagyndan geçen maşgala bilen baglanyşykly dessurlary täsirli wakalaryň üsti bilen şöhlelendirilýär. Maşgalada söýginiň, agzybirligiň, birek-birege sylag-hormatyň wajypdygy hakynda gürrüň edilýär. Sahnada Türkmenistanyň at gazanan artisti Halmyrat Şyhyýew, Narjan Hallakowa, Döwran Bekdurdyýew, Döwran Mädalyýew, Nurjemal Hydyrowa, Leýli Rejepowa, Begli Dowlyýew, Aýjahan Berdiýewa dagy keşp janlandyrýarlar. Teatryň tans artistleri Leýli Orazowanyň, Akmuhammet Saparowyň, Tirkeş Gylyjowyň ýerine ýetirýän tanslary sahnada bolup geçýän wakalaryň mazmunyny baýlaşdyrýar. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda tomaşaçylara ýetiriljek spektakly režissýor Guwanç Baýmetow sahnalaşdyrýar. Spektaklyň sahna bezegini Çingiz Töräýew, saz bezegini Meýlis Nuryýew ýerine ýetirýär.

Ýörite habarçymyz.