Her ýylyň oktýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramyna bagyşlanyp, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň üçünji mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýän işleriň netijesinde öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan milli itşynaslyk däbimiz täze ösüşe we uly şöhrata eýe boldy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli itşynaslyk sungatymyzyň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär. Özüniň mertligi, hüşgärligi, wepalylygy, düşbüligi bilen halkymyzyň ýakyn dostuna öwrülip, milli miraslarymyzyň hatarynda mynasyp orun alan türkmen alabaýlarymyzyň şöhraty bu günki gün bütin dünýä ýaň salýar. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň merkezinde geçirilen III mejlise Hökümet agzalary, ugurdaş düzümleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri, assosiasiýanyň agzalary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly itşynaslar gatnaşdylar. Forum başlamazyndan ozal, ýygnananlar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň, neşir önümleriniň, fotosuratlaryň, halyçylyk we heýkeltaraşlyk eserleriniň sergisini synladylar. Soňra III mejlisiň gün tertibine birleşigiň işiniň guramaçylygyna bagyşlanan meseleler girizildi. Şeýle hem onuň düzümine täze agzalaryň kabul ediljekdigi, ýurdumyzyň öňdebaryjy kinologlaryna döwlet sylaglarynyň gowşuryljakdygy, geljek üçin möhüm wezipeleriň maslahatlaşylyp, degişli çözgütleriň kabul ediljekdigi mälim edildi. Şöhratly pederlerimiz tarapyndan ösdürilip kemala getirilen alabaýlar bütin dünýäde bellidir. Taryhyň edebi çeşmelerinde we halk rowaýatlarynda alabaýlaryň wepalylygy, gaýduwsyzlygy, islendik çylşyrymly ýagdaýda eýesini halas etmek üçin öz janyny pida etmäge taýýardygy barada aýdylýar. Mejlise gatnaşyjylar häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda baý milli mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolan alabaýlary ösdürip ýetişdirmek, kemala getirmek we köpeltmek babatda köpasyrlyk däpleri wagyz etmek, hemmetaraplaýyn öwrenmek, gorap saklamak boýunça işleriň yzygiderli alnyp barylýandygyny bellediler. Soňra mejlisde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzasy, Fransiýa Respublikasynyň Milli ylmy-barlag merkeziniň hünärmeni, arheolog Julio Bendezu Sarmientonyň çykyşy diňlenildi. Alym-arheolog mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga berýän ünsi we aladalary üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirip, gatnaşyjylaryň ählisini Türkmen alabaýynyň baýramy bilen gutlady. Fransuz alymy ýörite suratly şekiller arkaly itşynaslyk sungatynyň taryhy we ösüşi barada giňişleýin durup geçdi. Ol Türkmenistanyň çäklerinde geçirilen arheologik gözlegleriň maglumatlaryna salgylanyp, alabaýyň gadymy görnüşleriň biridigini we oňa türkmenleriň irki döwürlerde hem aýratyn hormat bilen garandyklaryny tassyklady. Çykyş edenleriň nygtaýyşlary ýaly, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýanyň agzalarynyň sanynyň gysga wagtda artmagy, şol sanda onuň düzümine daşary ýurtly kinologlaryň kabul edilmegi türkmen alabaýynyň dünýä derejesinde wepalylygyň, dostlugyň nyşanyna öwrülýändigine şaýatlyk edýär. Dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegine öwrülen türkmen itşynaslyk sungatyny ösdürmekde, alabaýlaryň sanyny artdyrmakda, seçgiçilik hem-de tohumçylyk işini netijeli alyp barmakda, bu tohumyň wekillerine tälim bermegiň inçe syrlaryny ýaş nesillere öwretmekde, halypalyk etmekde özüni görkezen itşynaslary höweslendirmek maksady bilen, “Türkmenistanyň halk itşynasy” we “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly atlar döredildi. Soňra Halkara assosiasiýanyň agzalary, hususan-da, Belarus Respublikasyndan we Beýik Britaniýadan hususy it şynaslar Lýudmila Butkewiç hem-de Antonino Lo Ra so sanly ulgam arkaly mejlise gatnaşyp, alabaýlaryň tohumynyň häzirki ýagdaýy barada maglumatlary ýygnamagyň we alyşmagyň, olary gorap saklamak, sanyny artdyrmak meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň möhümdigini nygtadylar. Dürli bilelikdäki çäreleri, şol sanda usulyýet maslahatlaryny, sergileri, bäsleşikleri, okuw maslahatlaryny, okuw sapaklaryny, “tegelek stol” maslahatlaryny guramagyň ähmiýeti bellenildi. Çykyş edenler türkmen kärdeşleri bilen hyzmatdaşlygyň geljek nesiller üçin bu ajaýyp tohumyň genofondyny gorap saklamak hem-de arassa ganly görnüşleriniň sanyny artdyrmak boýunça işleriň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berjekdigine ynam bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda, bu ugurda daşary ýurtly kärdeşler bilen özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak hem-de giňeltmek assosiasiýanyň esasy wezipeleriniň biridir. Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Türkmenistanyň at gazanan itşynasy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Permany okaldy. Hormatly ada mynasyp bolanlar belent buýsanç duýgusy hem-de tolgunmak bilen döwlet sylaglaryny kabul edip, alyp barýan işlerine ýokary baha berendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan edip, geljekde-de bu asylly işe mynasyp goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar. Şeýle-de mejlisiň dowamynda döwlet Baştutanymyzyň, Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň Prezidentiniň çözgüdine laýyklykda, assosiasiýanyň täze agzalaryna agzalyk şahadatnamalary gowşuryldy. Milli itşynaslar halkara assosiasiýanyň agzalygyna kabul edilendikleri üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, bu guramanyň işine hemmetaraplaýyn goşantlaryny goşmaga taýýardyklaryny mälim etdiler. Assosiasiýanyň düzümine daşary ýurtly hususy itşynaslar hem kabul edildi. Slowakiýa Respublikasyndan Roman Repka we Çehiýa Respublikasyndan Pawel Swoboda sanly ulgam arkaly Türkmen alabaýynyň baýramy bilen hemmeleri gutlap, uly ynamy üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirdiler we assosiasiýanyň agzalary bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtadylar.