2024-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Köpetdagyň etegindäki gözel künjekleriň birinde ýerleşýän Arkadag şäheriniň täze athana toplumyna bardy.Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz behişdi bedewler bilen didarlaşyp, gezelenç etdi hem-de “Irden turda, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy” diýen paýhasly jümlä eýerip, täze athana toplumynda idedilýän bedewleriň ýagdaýlary bilen gyzyklandy.Soňra Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň Kinologiýa federasiýasyndan hoş habaryň gelip gowşandygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwarynda Kazan şäherinde «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça Russiýanyň Kinologiýa federasiýasynyň çempionatynda ýeňiji bolan itleriň sylaglanyş dabarasynyň geçirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ýeňijileriň arassa ganlylyk, owadanlyk, buýrugy berjaý etmek ukyby we beýleki häsiýetnamalar boýunça saýlanandygyny aýtdy. 2021-nji ýylda Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýy «Merkezi Aziýa owçarkasy» diýen ýaryşda iki ugur boýunça Russiýanyň çempiony boldy. Ol birinji sylaga şu ýylyň 15-nji ýanwarynda arassa ganlylygy we owadanlygy üçin mynasyp boldy. Bu ugurda gatnaşyjylaryň boýuna, agramyna, beden gurluşyna, gözelligine we Merkezi Aziýa owçarkalarynyň umumy ykrar edilen talaplaryna laýyk gelýändigine üns berilýär. Ikinji sylaga bolsa ol 17-nji ýanwarda düşbüligi, ünslüligi üçin mynasyp boldy. «Merkezi Aziýa owçarkasy» derejesi boýunça çempionata tutuş Russiýa boýunça 200-e golaý it gatnaşdy.Akdost Russiýanyň dürli şäherlerinde geçirilen birnäçe sergilere we bäsleşiklere gatnaşyp, tejribe toplady. Bu ýaryşlarda ol eminleriň ýokary bahalaryna mynasyp boldy diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň wise-prezidenti B.Rejebowa türkmen alabaýynyň 2024-nji ýylyň 15 — 17-nji ýanwary aralygynda geçirilen bäsleşiklerde mynasyp bolan güwänamalaryny dabaraly ýagdaýda gowşurdy we hemmeleri bu ýokary derejeli sylaglar bilen gutlap, üstünlik arzuw etdi.Wise-prezident “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ilkinji günleriniň şatlykly wakalara beslenýändigini belläp, Russiýadan gelip gowşan hoş habaryň halkymyzy, aýratyn-da, ýurdumyzyň itşynaslaryny begendirendigini nygtady. Bu barada aýtmak bilen, wise-prezident häzirki döwrüň şatlykly wakalaryna hoşallygyň nyşany hökmünde Şatlyk lakamly alabaý güjüjegi hormatly Prezidentimize gowşuryp bermegini Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi. Milli Liderimiz alabaý güjüjegi bilen bilelikde athana toplumynyň manežine bardy. Bu ýerde ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýan Arkadagymyz ir säher bilen gezelenç eden Hanbeg atly atyna atlanyp, manežiň ugry boýunça öwrüm etdi. Şu pursatda Şatlyk hem at üstünde öwrüm edýän Gahryman Arkadagymyzyň yzyndan galmady. Bu görnüşler ynsan bilen eýesine wepalylygy, üşükliligi bilen tapawutlanýan ahalteke bedewiniň hem-de alabaýyň özara gatnaşygynda aýratyn hoşniýetliligiň bardygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Munuň özi taryhy müňýyllyklara uzap gidýän ahalteke bedewleriniň we alabaýlaryň türkmen halkynyň durmuşy bilen ysnyşandygynyň nobatdaky güwäsidir.