ALABAÝYŇ WASPY SUNGATDA

22 Dekabr 2023
406

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Karary bilen türkmen alabaýlarynyň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde, neşir önümlerinde, fotosuratlarda, teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça heýkeltaraşlaryň, halyçylaryň, zergärleriň, fotosuratçylaryň, neşirýat işgärleriniň, teleoperatorlaryň arasynda yglan edilen bäsleşige hödürlenen döredijilik işleriniň sergisi açyldy. Sergä ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sungaty öwrenijiler, itşynaslar şeýle hem türkmen alabaýlarynyň çyn muşdaklary gatnaşdylar. Hüşgärligi, çydamlylygy, wepalylygy, duýgurlygy, bilen tapawutlanýan türkmen alabaýlary bu gün milli gymmatlygymyz derejesinde sarpalanýar. Türkmen alabaýlarynyň arasynda geçirilýän bäsleşikler bolsa olaryň aýratynlyklaryny açyp görkezmäge mümkinçilik berýär. Wepadarlygy bilen ynsanlaryň hemişelik hemrasyna öwrülen türkmen alabaýynyň hormatyna ýurdumyzda bellenilýän şanly sene mynasybetli geçirilýän bäsleşige hödürlenen işler çeperçiligi, nepisligi bilen biri-birinden tapawutlanýar. Halylarda häzirki wagtda haly gölleri bilen bilelikde türkmen alabaýynyň keşbiniň sazlaşykly dokalmagy, alabaýlaryň türkmen durmuşynda uly orun eýeleýändigini suratlandyrýar. Sergi eserlerinden görnüşi ýaly, awtorlar milli gymmatlygymyz bolan türkmen alabaýlarynyň dürli görnüşdäki pursatlaryny öz işlerine sünnäläp siňdirmegi başarypdyrlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen amaly haşam döredijilik işgärleriniň ýeňijileri 29-njy oktýabrda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabarada aýan ediler, ýeňijilere hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar. Milli baýlygymyz bolan türkmen alabaýlarymyzy sarpalaýan, olaryň wepadarlygyny, gaýduwsyzlygyny, hüşgärligini sungat eserlerinde beýan etmäge ähli şertleri, mümkinçilikleri döredip berýän  Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başy aman bolsun!