2022-nji ýylyň 26–28-nji ýanwary aralygynda paýtagtymyzda «Türkmen topragy – dünýä ýaň salan medeni gym-matlyklaryň ojagy» atly halkara ylmy amaly maslahat we onuň bilen ugurdaşlykda guralan sergi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Forumyň açylyş dabarasy milli taryhy-medeni mirasymyza, arheologik tapyndylara hem-de «tazy guýruk», «it ýatak», «güjük yzy» ýaly gadymy göllere bagyşlanan wideoşekilleriň görkezilmegi bilen badalga aldy. Söwda-senagat edarasynyň sergiler zalynda paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň sebitleriniň etnografik ekspozisiýalary, dürli döredijilik mekdepleriniň çeperçilik ugruny aýdyňlygy bilen açyp görkezýän küýzegärçilik sungatynyň nusgalaryny, kilimler, haly we haly önümlerini, zergärçilik şaý-sepleri öz içine alýan amaly-haşam sungatynyň sergisi guraldy. Guramaçylykly sergide Arkadag Prezidentimiziň kitaplaryna aýratyn orun berildi. Ýörite meýdançalarda saýlama türkmen alabaý itleriniň görkezilmegi çäräniň täsirliligini has-da artdyrdy. Alabaýlaryň görkezme çykyşlarydabara aýratyn öwüşgin çaýdy. Olar öz türgenleriniň gulluk buýruklaryny ýerine ýetirmekde ajaýyp taýýarlyklaryny görkezdiler.