Hormatly Prezidentimiziň ýadawsyz tagallalary netijesinde häzirki wagtda öz gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan itşynaslygyň şöhratly milli ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilýär. Türkmenleriň wepaly dostlaryna bagyşlanan esasy baýramçylyk çäreleriniň hatarynda «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşik aýratyn orny eýeleýär. Bu köpöwüşginli bäsleşigiň maksady türkmen alabaýlaryny köpeltmek, olaryň arassa ganlylygyny gorap saklamak, dünýäde wagyz etmek bilen baglanyşykly işleriň ylmy esasda kämilleşdirilmegine, milletiň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen itleriň bu tohumyna dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmäge gönükdirilendir. Bäsleşige gatnaşyjylaryň 20-sinden jemleýji tapgyra 10-sy gatnaşmaga hukuk gazandy. Şu gün olar «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragyna mynasyp bolmak ugrunda bäsleşdiler. Beden gurluşy, daşky keşbi bilen haýran galdyrýan türkmen alabaýlary yzly-yzyna syn ediş meýdançasyna çykyp,eminler we tomaşaçylar üçin alabaýlaryň ady, ýaşy, nesil ugry baradaky maglumatlar aýdylýar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna çykan alabaýlar belli bir nesil ugurlaryna degişlidir, olary synlan köp sanly janköýerler alabaýlara mahsus bolan aýratynlyklara baha bermäge mümkinçilik aldylar. It eýeleri uly buýsanç bilen öz wepaly hemralarynyň aýratynlyklaryny görkezdiler. Alabaýlaryň beden gurluşy kämilligi bilen haýran galdyrýar. Uly kellesi, kuwwatly boýny, giň döşi, aýaklarynyň berkligi, dem alyş ulgamynyň ösenligi olaryň häsiýetli aýratynlygydyr. Alabaý ynamly gadamy hem-de asuda durky bilen janköýerlerini bendi edýär. Soňra bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň başlanandygy yglan edildi. Tomaşaçylar alabaýlaryň diňe bir täsin beden gurluşyna däl-de, bäsleşigiň barşynda görkezen gaýduwsyzlyklaryna hem-de başarnyklaryna baha bermäge hem mümkinçilik aldylar. Olaryň öňünde anyk wezipeler, şol sanda päsgelçilikli zolaklardan geçmek wezipeleri goýuldy. Päsgelçiliklerden geçilende, tizlik we dürslük görkezijileri hasaba alynýar. Bu çekeleşikli görnüşler baýramçylyga aýratyn öwüşgin çaýdy. Bäsleşigiň netijeleri boýunça eminler toparynyň çözgüdi yglan edildi. Şeýlelikde, «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» adyna Içeri işler ministrligine degişli bolan Goňurhan atly türkmen alabaýy mynasyp boldy. Ony ýetişdiren hem-de bu bäsleşige taýýarlan Ý.Töräýew, alabaýyň idedijisi esger G.Aşyrow. Bäsleşigiň ýeňijisine Türkmenistanyň Prezidentiniň Baş baýragy — “Toyota Camry” kysymly awtoulag, ýörite medal, göçme kubok we diplom gowşuryldy. Türkmen halkynyň asylly däbine laýyklykda, täze awtoulaga alaja daňyldy we un sepildi. G.Aşyrow türkmen alabaýlaryň ýetişdirilmegi ugrunda tagallalar üçin hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallygyny beýan etdi we türkmen itşynaslarynyň bu ugurdaky işleri mundan beýläk-de mynasyp dowam etdirjekdiklerine ynandyrdy.