MILLI BUÝSANJYMYZ

29 Oktýabr 2024
341

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli 2024-nji ýylyň oktýabr aýynyň 23-ne Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyrynda saýlanan alabaýlaryň 20-si duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden geçmekleri bilen bäsdeşdiler. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy belli bolar. Bäsleşige Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň welaýat merkezlerinden hem-de Aşgabat şäherinden, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralaryndan şeýle-de hususy itşynaslar tarapyndan ýetişdirilen türkmen alabaýlary gatnaşdylar. Ençeme asyrlaryň dowamynda adamyň wepaly ýoldaşy we dosty, öýüniň goragçysy, kömekçisi bolan alabaýlar özleriniň ajaýyp gylyk-häsiýeti, edermenligi bilen halkymyzyň medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda, halk döredijiliginde we gündelik durmuşynda uly orun eýeledi.