TÜRKMEN ALABAÝYNA BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHAT GEÇIRILDI

29 Oktýabr 2022
1281

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan milli gymmatlyklarymyzyň biri bolan türkmen alabaý itleriniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylygyny alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede ösdürmek boýunça uly tagallalar edilýär. Birnäçe gün bäri bolsa Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli dabaraly çäreler maslahatlaryň geçirilmegi dowam edýär. Şeýle maslahatlaryň hatarynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi we sungaty» atly II halkara ylmy maslahat geçirildi. Maslahata  gatnaşyjylar ilki bilen ýokary okuw mekdebiniň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan ugurdaş mazmunly sergini synladylar. «Milli buýsanjymyz bolan türkmen alabaýyna we tazysyna goýulýan sarpa» diýlip atlandyrylýan bu sergide milli gymmatlyklarymyza uly orun berildi. Soňra «Türkmen alabaýynyň we tazysynyň ýetişdirilmegi taryhy, medeniýeti we sungaty» atly II halkara ylmy maslahaty Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň agzalary, alymlar, ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, hususy itşynaslar çykyş edip, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlarynyň öz aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýandygyny hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanýandygyny öz çykyşlarynda belläp geçdiler. Bellenilişi ýaly, hormatly Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda hem-de Arkadagly Serdarymyzyň işleri üstünlikli alyp barmagy arkaly halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň biri bolan türkmen alabaýlarynyň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak, olary gorap saklamak we köpeltmek, tohumçylyk işini alyp barmak hem-de bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejesinde ösdürmek boýunça häzirki döwürde ýurdumyzda giň möçberli işler amala aşyrylýar. Bu işleriň taryhy gelip çykyşyny, şu günki günlere gelip ýetişini we milli aýratynlyklaryny ylmy esasda düýpli öwrenmek boýunça ähli şertler döredilýär. Türkmen alabaýy dostlugyň we wepalylygyň halkara nyşanyna öwrülýär. Çykyşlarda döwletimiz tarapyndan itşynaslarymyz üçin şeýle mümkinçilikleriň döredilmeginiň ýurdumyzda we dünýä ýüzünde iň gadymy itleriň biri hasaplanylýan türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmäge uly itergi berjekdigine ynam bildirildi.

     Dowam eden çykyşlarda türkmen alabaýynyň taryhy we medeni mirasy, türkmen tebigatynda alabaýlaryň orny, alabaýlary ýetişdirmegiň halk tejribeleri, olary seçip saýlamagyň milli usullary, türkmen alabaýynyň geçmişi we şu güni barada gyzykly çykyşlar diňlenildi. Maslahatda türkmen tazysy baradaky çykyşlara hem uly orun berildi. Milli gymmatlygymyz hökmünde türkmen tazysy barada aýdylan birnäçe maglumatlar maslahata gatnaşyjylaryň ünsüni çekdi. Maslahatyň dowamynda türkmen alabaýynyň keşbiniň nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk sungatlarynda, şeýle hem halk döredijilik eserlerinde beýan edilişi baradaky çykyşlar hem diňlenildi. Şunuň bilen baglylykda bellenilişi ýaly, Halkyň Arkadagly zamanasynda türkmen alabaýynyň wepaly keşbine bagyşlanylyp döredilýän sungat eserlerini suratkeşleriň inçe nakgaşlyk we heýkeltaraşlyk tilsimleri arkaly synlap bolýar.