Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda ösdürilip, kemala getirilen we umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna öwrülen türkmen alabaýlary özleriniň aýratynlyklary boýunça dünýäde giňden tanalýar hem-de tohum itleriň arasynda iň gadymylarynyň we naýbaşylarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň baýramçylygy mynasybetli türkmen alabaýlarynyň arasynda halkara bäsleşikler, tapgyrlaýyn esasda geçirilýär. Oktýabr aýynyň 26-na Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky «Türkmen alabaý itleri» hojalyk jemgyýetinde «Ýylyň türkmen edermen alabaýy» atly halkara bäsleşiginiň ikinji tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň birinji tapgyryna gatnaşan 70-e golaý alabaýdan duýgurlygy, düşbüligi, daşky görnüşi, hüşgärligi şeýle hem bellenen päsgelçiliklerden birkemsiz geçip tapawutlananlaryň 20-si gatnaşdy. Halkara bäsleşige badalga berilmezden ozal, oňa gatnaşýan türkmen alabaýlary gözden geçirilip, weterinar lukmanlar tarapyndan saglyk ýagdaýlary barlanyp, olara kepilnamalar hem-de ýörite san belgileri berildi. Şol belgiler bilen hem türkmen alabaýlary bäsleşik meýdançasyna çykdylar. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda, türkmen alabaýlary tomaşaçylaryň öňünden geçip, öňde duran dürli päsgelçiliklerden — geçmekleri boýunça öz başarnyklaryny görkezdiler. Eminleriň gelen gutarnykly netijeleri halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda çykyş etjek türkmen alabaýlaryň 10 sanysy belli bolar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen türkmeniň alabaýlary dünýäniň medeni gymmatlyklarynyň hatarynda milli baýlyklarymyzyň birine öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» eserinde belleýşi ýaly: «Alabaý — biziň Watanymyzyň baýlygy. Ol biziň ata-babalarymyzyň döreden milli gymmatlygy. Ony gorap saklamak, ähli ajaýyplygy bilen geljek nesillerimize ýetirmek biziň borjumyz» diýip nygtap geçýär. Şeýle ajaýyp zamanada okamaga, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza bu täsin tohumyň naýbaşy sanyny mundan beýläk-de köpeltmek, ýaýratmak we wagyz etmek, arassalygyny saklamak babatyndaky asylly däpleri mynasyp dowam etdirilýändigine buýsanmak bilen, milli gymmatlyklarymyzyň sarpasyny belende göterýänligi üçin sagbolsunlarymyzy aýdýarys.