DOSTLUGYŇ NYŞANY

30 Oktýabr 2024
462

Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde medeni-ynsanperwer ulgama, milli gymmatlyklara-da uly orun degişlidir. Şunda iki halkyň barha berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň ajaýyp nyşanlarynyň biriniň türkmen alabaýydygyny aýratyn nygtamak gerek. Bu barada aýdylanda, 2021-nji ýylda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa türkmen alabaýyny sowgat berendigini ýatlamaly. Şonda dostlukly döwletiň Baştutany ony diňe bir sowgat  däl-de, türkmen-tatar halklarynyň arasyndaky taryhy asyrlaryň jümmüşine uzaýan mizemez dost-doganlygyň ajaýyp nyşany hökmünde kabul etdi. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow özüne sowgat berlen Akdost (Akdus) atly türkmen alabaýyna aýratyn mähir-yhlas bilen seredýär. Dostlukly ýurduň Baştutanynyň öz internet sahypalarynda Akdostuň dürli ýerlerde düşürilen ajaýyp fotosuratlaryny ýygy-ýygydan paýlaşyp durmagy-da munuň şeýledigini tassyklaýar.Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň ýurdumyzda Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli geçirilen dabaraly çärelere dürli ýyllarda hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy-da onuň bu ajaýyp milli gymmatlygymyza bolan sarpasynyň we gyzyklanmalarynyň  uludygyny görkezýär. Umuman, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda Ýer ýüzündäki tohum itleriň ajaýyp görnüşleriniň biri bolan türkmen alabaýyna, olary idetmeklige we gorap saklamaga uly gyzyklanma bildirilýär. Şu ýyl Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyndan itşynaslar Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň düzümine agzalyga kabul edilmegi-de munuň aýdyň mysaly boldy. Internet saýtlarynda paýlaşylan habarlardan bilşimiz ýaly, Türkmenistandan Tatarystana eltilen ilkinji günlerinden Akdost ýerli ilatyň gyzgyn söýgüsini gazandy. Tatarystan Respublikasynyň  Baştutany Rustam Minnihanowyň «Telegram» sosial ulgamyndaky sahypasynda onuň bilen düşen suratlaryny paýlaşmagy we degişli teswirleri ýazmagy bolsa ýurduň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredip, bu ýerde türkmen alabaýynyň hakyky muşdaklarynyň artmagyna sebäp boldy. Tatarystan Respublikasynyň Baştutany özüniň internetdäki şahsy torlaryny yzarlaýan raýatlar tarapyndan Akdostuň hal-ýagdaýyny soraýan ýüzlenmeleriň yzygiderli gelip gowuşýandygyny belleýär. Şolara jogap hökmünde hem ol türkmen alabaýynyň suratlarydyr wideolaryny öz resmi internet sahypasynda ýerleşdirýär. Hut şu ýyl hem ýurdumyzda bu milli gymmatlygymyzyň baýramynyň giňden bellenilen gününde Tatarystanyň Baştutany Akdost atly türkmen alabaýy bilen gür tokaýlykda gezelenç edýän pursatlaryndaky fotosuratlaryny özüniň «Telegram» sahypasynda paýlaşdy.