– Türkmen alabaýlarynyň hormatyna baýramçylyk döredilip, onuň hem ilkinji gezek şu ýyl Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen bilelikde bellenilmegi buýsançly wakadyr. Şu baýramçylyk günlerinde Gahryman Arkadagymyzyň Permanyna laýyklykda maňa «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyň eýesi bolmak bagty nesip etdi. Çekýän ujypsyzja zähmetimize ýokary baha berip, hormatly ady dakan milli Liderimize ähli itşynaslaryň adyndan köp sagbolsun aýdýarys. Men alabaýy çagalykdan bäri saklaýaryn, olary söýýärin. Häzir hem özümiň birnäçe alabaýlarym bar. Olar juda edermen, wepaly, düşbi hem çydamly jandarlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň alabaýlar hakyndaky gymmatly maglumatlary özünde jemleýän «Türkmen alabaýy» atly kitaby biz – itşynaslar üçin bahasyna ýetip bolmajak gollanmadyr. Türkmeniň wepaly alabaýyny sarpalamak, gorap saklamak, geljek nesillere ýetirmek babatda biz – itşynaslara
ähli mümkinçilikleri döredip berýän milli Liderimiziň jany sag, ömri uzak, işleri rowaç bolsun!