Taryhyny müňýyllyklardan alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli gymmatlyklarynyň biri-de türkmeniň wepaly alabaýydyr. Türkmeniň gapysyny onuň ahalteke bedewinden, arwana düýesinden, türkmen alabaýyndan üzňe göz öňüne getirmek mümkin däl. Biz hem türkmen alabaýlary hakynda giňişleýin gürrüň etmegi, makalanyň sözbaşysynda aýdylyşy ýaly kärine ussat halypa, hususy itşynas Döwletmyrat Kürrükow bilen söhbetdeşligimizi taýýarlamagy makul bildik.
– Döwletmyrat, söhbetdeşligimiziň başynda ýurdumyzda Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň alyp barýan işleri hakynda durup geçäýsek...
– Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan ynsanperwer syýasaty netijesinde ata-babalarymyzyň bize miras goýan gymmatlyklary, dünýä medeniýetini ösdürmekde, ylmy esasda düýpli öwrenmekde we şu günki hem-de geljekki nesillere ýetirmekde giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň başlangyjy bilen Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň döredilmegi türkmen itşynaslarynyň ýeten belent derejesini bu gün dünýä ýüzüne mälim edýär.Geçen «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» ýylynda türkmen alabaýlarynyň tohum ugurlary, olary saklamagyň, idetmegiň hemde itlere baş öwretmegiň inçe syrlary hakynda bilimleri, ylmy we halk tejri besini geljekki nesillere ýetirmek maksady bilen 2020-nji ýylyň maý aýynda Türkmen alabaý itleri assosiasiýasy döredildi. Şol ýylyň 31-nji awgustynda Türkmen alabaý itleriniň esaslandyryjylarynyň onlaýn mejlisi geçirildi. Onlaýn mejlisde assosiasiýa Halkara derejäniň berilmegi, täze agzalaryň kabul edilmegi taryhy waka boldy. Assosiasiýanyň işiniň esasy ugurlarynyň hatarynda türkmen alabaýlaryny yzygiderli köpeltmek, halk seçgiçilik usulyny hem-de milli itşynaslyk mekdebini giňden peýdalanyp, halkara derejä ýetirildi. Esasy bellemeli zatlarymyzyň biri, ýagny häzirki wagt da halkara assosiasiýa tarapyndan ýurdumyzyň Ahal welaýatynda türkmen alabaý itleriniň karantin merkezi, Balkan, Daşoguz, Lebap, Mary welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasynyň top lumy gurlup ulanylmaga berildi. Munuň özi halkymyzyň wepaly ýoldaşy, milli buýsanjy hasaplanylýan türkmen alabaýlary hakynda edilýän aladanyň ýurt derejesinde oňyn netije berýändigini aýdyňlygy bilen subut edýär. – Halypa! Türkmen alabaýlarynyň gelip çykyşy, olaryň tohum aýratynlyklary, gadymylygy barada söhbetdeşligimizi dowam edäýsek... – Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» kitabyny okanyňda ilkinji nobatda giň göwrümli eserdigine göz ýetirmek bolýar. Kitapda türkmen alabaýynyň geçen taryhy ýoluna bagyşlanyp ýerleşdirilen maglumatlardan türkmen alabaýynyň ösdürilip ýetişdirilmeginiň taryhy kökleriniň çuňluklara uzaýandygyny bilmek bolýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen alabaýlarynyň taryhyny öwrenmek babatda Türkmenistanyň çäginde alnyp barylýan arheologiýa barlaglarynyň dowamynda alabaýyň heýkeljigi, suratdaky keşbi, kerpiçlerde galan aýak yzlary ýüze çykaryldy. Türkmen alabaýlarynyň şekilleri we heýkeljikleri diňe bir gadymy obalarda däl, eýsem antik we orta asyrlar eýýamlaryna degişli ýadygärliklerde hem ýüze çykaryldy. «Gadymy Merw» taryhy-medeni ýadygärlikler toplumynyň merkezinde ýerleşýän Gäwürgala ýadygärliginden miladynyň II asyryna degişli çopan itiniň heýkeli tapyldy. Mundan başga-da, şol ýadygärlikden miladynyň I-II asyr laryna degişli palçykdan ýasalyp, ýokary gyzgynlykda endigan bişirilen türkmen alabaýynyň heýkelini ýasamakda ulanylan galybyň bölekleri tapyldy. Bu bolsa, türkmen alabaýynyň heýkellerini ýasaýan ýörite ussahananyň işländiginden habar berýär. Alabaýlaryň geçmişine nazar aýlasak Ak Ýekemeniň, Gara Ýekemeniň, Goturyň, Garry Ýolbarsyň, Garakelläniň, Akguşuň we şuňa meňzeşleriň nesilleri meşhurlyga eýedir. Olaryň özi, şeýle hem olaryň köpsanly nesilleri ajaýyp sypatlary görkezip,
birnäçe gezek tohum itleriň ýeňijileri boldular. – Döwletmyrat, türkmen alabaýlarynyň häsiýetli aýratynlyklary,olary ýetişdirmekde,terbiýelemekde,idedilişinde ulanylýan tärler hakynda okyjylarymyza giňişleýin aýdyp beräýseňiz... – Pederlerimiziň alabaýlary saýlap almak we ýetişdirmek tärleri olaryň tebigatyň dürli ýowuz şertlerine çydamly bolmagyna, öz wagtynda ösüp ulalmagyna, sagdyn çopan itleri bolup ýetişmegine gönükdirilendir. Ata-babalarymyz çopan goşunda, mal yzynda ulanmak üçin çem gelen güjükden özüne it tutunmandyrlar. Onuň gelip çykyşyny ene-atasyny, nesilbaşysyny, tohumyny hatda eýesini hem gowy anyklapdyrlar. Güjüjikleri öz enesine saýlatmagyň hem usuly bolup, olary garaňky jaýa salyp barlamakdyr. Şonda enesi haýsy güjügini birinji ysyrganyp tapsa, şol hem gowy it bolup ýetişýär diýilýär. Mundan başga-da, tejribeli çopanlar täze bolan güjükleriň agzyny açyp, ýokarky äňine seredipdirler. Şonda haýsy gü-
jügiň ýokarky äňi gara bolsa, şol goýun it tutunmak üçin bellenilipdir. Sebäbi ýokarky äňi gara bolan güjükler örän dogumly, garadan gaýtmaz, batyr, özem sürä örän sak goýun itleri bolup ýetişýär diýlip hasaplanypdyr. Çopanlar goýun itini edinmek üçin saýlan güjüklerini süýtden ir aýyrmandyrlar. Sebäbi olar süýtden ir aýrylsa, betnebis bolup, diňe öz nepini (aladasyny) edýän it bolup ýetişýär diýlip bellenilýär. Güjükler tä süytden aýrylýança enesiniň ýanynda bolup, onuň terbiýesini alyp, şol bir wagtda köpek itlere hem öýkünip başlaýarlar. Çopançylyk tejribesinde itleri aç saklap, olaryň gan arassalygyny, çydamlylygyny barlamak usuly hem ulanylypdyr, ýagny çopan goşunda daňlyp goýlan goýnuň ýanynda ite 2-3 gün ýal bermän, aç daňyp saklaýarlar. Şoňra goýberilende daňyda duran it goýna barýarmy ýa-da goýun sürüsine tarap ýöreýärmi? Hakyky «goýun iti» açlygyna döz gelip, hiç wagt goýun sürüsine agyz urmaýar. Alabaý adama topulmandyr, agyz urmandyr. Ol diňe del adamyň gelendigini bildirmek üçin üýrüpdir. Ir wagtlarda alabaý bilen tazy eýesiniň işigini ýassanyp ýatyrka, ýagşyzada ýaly adam gelipdir. Tazy ümsüm ýatsa-da, alabaý oňa üýrüpdir. Alabaýyň bu bolşuny halamadyk tazy: «Eýämiz çykýança golaýa-da getirmediň» diýipdir. Alabaý tazynyň sypaýyçylygyna minnetdarlyk bildirip, giňgöwrümlilige salypdyr. Şonda-da tazy gapynyň her söýesini biriniň ýassanyp ýatandygy üçin muňa erbet utanýandygyny ýaňzydypdyr. Alabaý bolsa eýesiniň goraýandygy üçin ýal berýändigini, kim gelse-de üýrüp duýdurmak üçin saklanýandygyny aýdypdyr. Alabaý duýgur, çak edişiňden hem syzgyrdyr. Şonuň üçin ony çopanlardyr awçylar, yzçylar ýanyndan goýmandyr. Käbir adamlar alabaýy hemra edinip, ýörite ýanynda gezdiripdir. Eziz Arkadagymyzyň ylmy-ensiklopediki kitaplary biziň işimiziň ýol görkezijisidir. Mähriban Prezidentimiziň «Türkmen alabaýy» kitabynyň gyzykly, baý maglumatlarynyň ylmy nukdaýnazardan öwrenilmegi täze barlaglara badalga berýär. Bu kitap türkmen alabaýyny bitewülikde öwrenmekde gymmatly gollanmadyr. – Döwletmyrat, beren gyzykly we manyly maglumatlaryňyz üçin size köp sagbolsun aýdýarys. Gadymy gymmatlyklarymyza uly sarpa goýýan, türkmen alabaýynyň şöhratyny belende galdyrýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!