Köňülleriň şahyry

21 Fewral 2024
227

Ýakynda paýtagtymyzdaky Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda ýazyjy-şahyrlaryň çeper okaýyşlary, aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa ýazyjy-şahyrlardyr bagşy-sazandalar we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Beýik söz ussady, türkmen halkynyň milli guwanjy Magtymguly Pyragy halkyň ykbaly bilen öz ykbalyny berk baglanyşdyrypdyr. Ol edebi dili halk medeniýetiniň ösmeginiň hökmany şertleriniň biri hasaplapdyr. Şonuň üçin pikirini düşnükli we sada dilde beýan edipdir. Şeýlelikde, şahyr umumadamzat kalbynyň töründe mydamalyk orun almagy başarypdyr.

Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzy, döredijiligi bilen halkyň söýgüsine mynasyp bolan, taryhda öçmejek yz goýan dana pederlerimiziň bitiren ägirt uly işlerini öwrenmek baradaky öňde goýan wezipeleri, beýik şahsyýetlerimize goýýan hormaty, şeýle-de medeniýete, sungata, döredijilige berýän uly ünsi halkymyzy begendirýär hem-de has hyjuwly, ruhubelentlik bilen zähmet çekmäge, döretmäge, gurmaga ruhlandyrýar. Döredijilik duşuşygynda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň dowam edip gelýän däplerini ösdürmekde, milli sungatymyzy ajaýyp şygyrlary bilen baýlaşdyran Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden wagyz etmek dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi, şeýle hem Magtymguly Pyraga bagyşlanan goşgulardyr aýdymlar belentden ýaňlandy, milli medeniýetimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylmagynda uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagy arzuw edildi.

Maýagözel GOŞAÝEWA,
«Aşgabat».