Türkmen sahnasynyň ussady

21 Fewral 2024
370

«Görogly agam gelipdir» diýen sözleriň özboluşly, aýratyn äheňde aýdylyşy şu günler hem il arasynda ýatlanylyp gelýär. Bu jümle her gezek ýatlanylanda, adamlary ýylgyrmaga we şatlanmaga mejbur edýär. Ýekeje jümläni ýatda galyjy, täsirli edip aýdany üçinem artist Atageldi Nurmämmedow tomaşaçynyň hemişelik ýadynda galdy. Ol türkmen hem-de daşary ýurt dramaturglarynyň sahna eserleriniň köpüsinde çykyş etdi. Gogolyň «Derňewçi» dramasy esasynda goýlan spektaklda Dobçinskiniň keşbi hem artiste uly üstünlik getiren keşpleriň biridir. Onuň «Görogly» radiooýnunda Aga çopanyň, «Jigit hemişe jigit» atly kinofilmde ýerine ýetiren keşpleri hem diňleýjileriň we tomaşaçylaryň gowy ýadyndadyr. Nähili keşp ynanylsa-da, ol şol keşbi duýup bilýän zehinli artist hökmünde özüni tanatmagy başardy.

Atageldi Nurmämmedow 1930-njy ýylyň 5-nji oktýabrynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä indi. Atadan ir mahrum bolmagy onuň üçin ýowuz durmuş synagyna öwrüldi. Halypa artistiň «Sekizinji hazyna», «Elwan ýaglykly serwim», «Ömür dawasy», «Hazynalar adasy» ýaly sahna oýunlarynda janlandyran keşpleri oňa uly abraý getirdi.

Öwezmyrat ÖWEZOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň uly mugallymy.