Akyldaryň döredijiligine bagyşlandy

16 Fewral 2024
330

Paýtagtymyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli giň gerimli dabaralar dowam edýär. Golaýda Aşgabat şäheriniň saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň işgärleriniň guramagynda «Pyragyň arzuwlan zamany geldi» atly sergi guraldy. Oňa toplumyň işgärleri we okuwçylary gatnaşdy.

Sergide beýik akyldaryň eserler ýygyndylary, şahyryň ömrüne we döredijiligine bagyşlanan eserler, türkmen halkynyň taryhyna, medeni we milli mirasyna degişli muzeý gymmatlyklary ýerleşdirilipdir. Sergide Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmunly kitaplary, Pyragynyň ýaşan zamanasy we Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri bilen utgaşdyrylyp çekilen suratlar aýratyn orun eýeleýär.

Merjen ÝAZLYÝEWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby, «Watan».