Beýik akyldaryň älem aşan sarpasy

20 Fewral 2024
304

Türkmen halkynyň at-owazasyny dünýä tanadan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň dürdäne döredijiliginiň ýyllar geçdigiçe ynsan köňüllerine saçýan şuglasy has-da güýçlenýär. Muny tutuş türki dünýäde şu ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» şygary astynda geçmegi, şahyryň golýazmalar toplumynyň BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna hem-de Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna girizilmegi hem doly tassyklaýar.

Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edilip, kitaplar çap edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlygy, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata söýgi, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär.

Hanjar NURGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Merkezi serhetçiler hassahanasynyň lukmançylyk gullugynyň leýtenanty.