Malaýziýa baranlara ilkinji dadyp görmegi maslahat berilýän tagam: nasi lemak

18 Fewral 2024
390

Nasi lemak — (malaýça nasi lemak —  ýagly tüwi) Malaýziýanyň milli tagamy. Bu tagam Malaýziýanyň milli naharydy, ýöne wagtyň geçmegi bilen ýurduň ähli etnik toparlarynyň arasynda meşhur bolup, soňlugy bilen goňşy ýurtlara-da ýaýrapdyr. Kokos süýdünde pandan ýapraklary atylyp gaýnadylan tüwi ýakymly sambal sousy bilen saçaga äberilýär (sambal sousy Günorta-Gündogar Aziýanyň birnäçe ýurdunda giňden ýaýran gyzyl burç esasly sous). Oňa gowrulan arahis, gowrulan ançousy (külke balyk), gök önümler, hyýar, gaýnadylan ýumurtga (köplenç, ýarysy) we gowrulan towuk hem goşulýar. Kähalatda gowrulan towugyň ýerine et ýa-da gaýnadylan ýumurtganyň ýerine deňiz önümleri-de goşulýar.

Bu nahar goňşy ýurtlarda-da taýýarlanylýar: Singapur, Bruneý, Taýlandyň günorta sebitleri, Indoneziýa — Sumatra adasynyň käbir ýerlerinde.

Taýýarlan: Ogulşat AMANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.