Änew medeniýeti — gadymy taryh

20 Fewral 2024
310

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen türkmen halkynyň ösen gadymy medeniýeti, maddy gymmatlyklary täze mazmuna eýe boldy. Halkymyzyň irki döwürlerden gözbaş alyp gaýdýan taryhynyň dowamynda toplan tejribesini, nesillere galdyran ajaýyp maddy we medeni mirasyny, ruhy gymmatlyklaryny, häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda çuň we hemmetaraplaýyn öwrenmek hem-de olary halka ýetirmek örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar.

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi türkmen medeniýetini dünýä ýaýmakda wajyp ähmiýete eýedir. Bu çözgüt türki dünýäsiniň 2022-nji ýylda medeni paýtagty bolan Bursa şäherinde geçirilen TÜRKSOÝ-nyň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 39-njy mejlisinde kabul edilipdi. «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» atly taslama türki halklaryň medeniýetiniň mümkinçiliklerini äşgär edip, olaryň mirasyna ünsi çekmekden ybaratdyr. Bu taslama boýunça her ýylda türki dilli döwletleriň dürli şäherlerinde döredijilikli mümkinçilikleri jemläp, şonuň esasynda dürli görnüşdäki täsirli medeni-ynsanperwer çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Şöhrat TUWAKOW,
Bäherden etrabynyň prokurorynyň uly kömekçisi, 2-nji derejeli ýurist.