Tiz taýýar tagam

18 Fewral 2024
161

Tiz taýýarlanylýan lapşa — guradylan we dürli tagamlar goşulan makaron önümleri. Guradylan makaron dessejikleri üstüne gaýnag suw guýlan dessine, sanlyja minutyň dowamynda taýýar tagama öwrülýär.

Guradylan makaron dessejikleri ilki ýagda gowrulan görnüşinde taýýarlanypdyr. Bu usul Aziýa ýurtlarynda has ýörgünlidir. Günbatarda welin sergin howada guradylan makarony halaýarlar. Tiz taýýarlanylýan lapşanyň düzüminde, esasan, un, krahmal, suw, duz we az mukdarda ortofosfor kislotasy bar. Tagam beriji goşundylaryň düzüminde bolsa, esasan, duz, glutamat natriý, ys berijiler we şeker bolýar. Tagam beriji goşundylar, adatça, aýratyn haltajygyň içinde bolýar.

Taýýarlan: Ogulabat KAKALYÝEWA,
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýiniň mahabatlandyryş we neşir edijilik bölüminiň redaktor neşir işiniň mahabaty boýunça baş hünärmeni.