Aýdym adamlaryň göwün syrdaşy

20 Fewral 2024
219

Şahandaz halkymyzyň durmuşyny aýdym-sazsyz göz öňüne getirip bolmaýar. Owazly aýdym-sazlar diňe bir toý-baýramlaryň şatlyk-şowhunyny artdyrman, eýsem, ruhy lezzet paýlap, köňülleri joşdurýar. Ajaýyp aýdym-sazlary diňläniňde, göwnüň göterilýär. Onuň jadylaýjy täsiri bar, ol ynsanyň kyn gününde hem teselli berýär. Dutar, gyjak, dilli tüýdük, gargy tüýdük, gopuz... ýaly milli saz gurallarymyzyň hersiniň üýtgeşik owazy, şirin mukamy bar. Gazma dutar ýaňlananda onuň kalbyňa nagyşlaýan şirin owazynyň täsirinden çykyp bilmeýärsiň. Owazy äleme ýaýran dutaryň emer-damaryňy eredýän şirin mukamyndan ganma ýok.

Türkmen aýdym-saz sungaty öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Geçmiş taryhymyzda «dutarynyň sapyna bilbil gonduran» bagşy-sazandalar ýaşap geçipdir. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhyndan ýazan «Ile döwlet geler bolsa...» atly kitabynda belläp geçişi ýaly, türkmen topragy sungaty halkyň buýsanjy bolup durýan köp sanly bagşy-sazandalary döredipdir. Amangeldi Gönübek, Garadäli gökleň, Kel bagşy, Mylly Täçmyradow, Magtymguly Garlyýew, Nobat bagşy, Sahy Jepbarow ýaly meşhur bagşy-sazandalarymyz aýdym-sazlary ussatlyk bilen ýerine ýetirip, halkyň gyzgyn söýgüsine eýe bolupdyrlar. Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Halkara baýragyň eýesi Nury Halmämmedowyň döreden sazlaryna ýüzlenenimizde bu hakykata has-da göz ýetirýäris. Saz sungatynyň ägirdiniň döreden «Nar agajy», «Türkmen sährasy», «Keçpelek» ýaly, hiç wagt öçmejek, owazly hem dowamly sazlary bu gün dünýä ýüzünde ýaňlanýar. Bu babatda, Gahryman Arkadagymyz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde «Şükür bagşy» filmine ýüzlenmek bilen: «Elbetde, «Şükür bagşy» filminiň şeýle üstünlik gazanmagynda genial türkmen kompozitory Nury Halmämmedowyň bitiren hyzmaty ägirt uludyr» diýip belleýär.

Ylýas EÝEBERENOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.