Akyldaryň şanyna

21 Fewral 2024
216

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edildi. Ählimize mälim bolşy ýaly, akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300  ýyllyk ýubileýiniň halkara derejesinde uly dabara bilen belleniljek bu ýylynda şanly sene mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeginde hem-de ak mermerli paýtagtymyz Aşgabatda medeni-köpçülikleýin çäreleriň, aýdym-sazly dabaralaryň giň toplumy guralýar.

Aşgabady etekläp oturan gojaman Köpetdagyň ajaýyp künjeginde bina edilen Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň dabaraly ýagdaýda açyljakdygy şanly ýylymyzda ähli halkymyzy guwandyrjak hem-de paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbiniň üstüni ýetirjek möhüm wakalaryň biri bolar. Şeýle hem, bu seýilgähde daşary ýurtly, görnükli ýazyjy-şahyrlaryň hem ençemesiniň heýkelleri oturdylar. Ýakynda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde «Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Munuň özi diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara giňişliginde hem beýik akyldaryň baýramynyň uly joşguna, ruhubelentlige, çuňňur many-mazmuna beslenjekdiginiň aýdyň görkezijisidir. Şeýle beýik işleriň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň milli we medeni gymmatlyklarynyň şöhratyny äleme ýaýmakda edýän taýsyz tagallalaryndan gözbaş alýandygy hem buýsanç bilen bellenilmäge mynasypdyr.

Ene ORAZBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymy.