Sungata sarpa

17 Fewral 2024
396

Düýn Medeniýet ministrliginde ýurdumyzyň teatr sungatynyň ussatlarynyň, režissýorlaryň, dramaturglaryň, ýazyjy-şahyrlaryň, Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyplarynyň hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda döredijilik maslahaty geçirildi.

Maslahatda hormatly Prezidentimiziň 9-njy fewralda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzyň teatrlarynda ýaş nesliň aň-düşünjesini ösdürmäge niýetlenen, şeýle hem milli mirasymyzy, taryhymyzy wagyz edýän, medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösüşini beýan edýän eserleri sahnalaşdyrmak boýunça tabşyryklaryny üstünlikli amala aşyrmak boýunça meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýurdumyzyň teatr ýolbaşçylary, režissýorlary, halypa dramaturglar, ussat artistler, şeýle hem Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary çykyş edip, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny, hususan-da, teatr sungatyny ösdürmek ugrundaky tagallalary üçin egsilmez alkyşlar aýtdylar.

(Ýörite habarçymyz).