Geçmişden geljege ak ýollar açyp

17 Fewral 2024
317

Bu gün eziz Diýarymyz medeniýetiň we sungatyň gülläp ösýän mekanyna öwrüldi. Diýarymyzda dostlukly ýurtlaryň Medeniýet günleri, şonuň ýaly-da, daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Medeniýet günleri yzygiderli geçirilýär. Bu ugurdaky köpugurly tagallalar milli medeniýetimiziň şan-şöhratyny äleme ýaýýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň, ruhy-edebi gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagynda şanly ýyllaryň biri bolar. Bu ýylda Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän halkara çäreler dost-doganlygyň, medeni hyzmatdaşlygyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

Aýgözel BEKIÝEWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň mugallymy.