Milli gymmatlyklarymyza sarpa

21 Fewral 2024
277

Türki halklaryň medeni, ruhy gymmatlyklaryny wagyz etmekde, dünýä ýaýmakda, şeýle hem olaryň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalanmagyna ýardam etmekde TÜRKSOÝ guramasyna aýratyn orun degişlidir. Bu gurama türki halklaryň geçmiş taryhyny, medeni mirasyny, medeniýetini, sungatyny, döredijilik hem-de ylym dünýäsinde gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek we bu ugurlarda özara tejribe alşylmagyny gazanmak maksady bilen halkara derejedäki dürli çäreleri, forumlary guraýar.

TÜRKSOÝ-yň alyp barýan işinde Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz aýratyn orun eýeleýär. Şonuň üçinem guramanyň hemişelik geňeşiniň çözgüdi esasynda ýurdumyzyň gadymy şäherleriniň biri bolan Änew şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edildi. Munuň özi abraýly gurama tarapyndan halkymyzyň baý taryhyna, ruhy-medeni mirasyna goýulýan sarpanyň nyşanydyr.

Döwletmämmet GARAKLYÝEW,
«Balkan».