Ildeşimiziň şirin aýdymlary

21 Fewral 2024
578

Täze ýylyň öň ýanynda Gyşky oýunlar sport toplumynda geçirilen baýramçylyk konsertinde çykyş eden daşary ýurtly estrada ýyldyzlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazlary tomaşaçylar tarapyndan uly şowhun bilen garşylandy. Şol konsertde Russiýanyň belli aýdymçysy bolup ýetişen ildeşimiz Olga Şultaýsyň şirin owazly aýdymlary has hem täsirli boldy.

Olga Şultaýs 1986-njy ýylda Aşgabatda ykbalyny asman gämileri bilen baglan uçar serkerdesiniň we uçarbelediniň maşgalasynda dünýä inýär. Ol ýaşlygyndan aýdym-saza höwesek bolýar, mekdepde geçirilýän konsertlerde çykyş edýär, döredijilik bilen işjeň meşgullanýar. Olga sazçylyk mekdebiniň fortepiano hem-de wokal bölümlerini tamamlaýar. Onuň ejesi ir aradan çykýar, ol gyzyna aýdym-saza ýykgyn etmegi ündeýär. Şeýle bolansoň, Olga orta mekdebi tamamlandan soň, «Haýsy hünäri saýlap almaly?» diýlen sowal orta atylanda, ol ene-atasynyň kesbini däl-de, ejesiniň arzuw eden hünärini saýlap almagy ýüregine düwýär.

Taýýarlan Ýazjemal AMANNYÝAZOWA,
Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň mugallymy.