Ykbalyny saza baglan ussat

19 Fewral 2024
345

Weli Muhadow diýlende dünýämizde, hakydamyzda häli-şindi teleradio gepleşiklerinde ýaňlanyp, gulagymyzyň ganan «Aşyklaryň şäheri», «Jan Türkmenistan!» ýaly aýdymlary biygtyýar ýadyňa düşýär. Öňki SSSR-iň halk artisti, SSSR-iň Döwlet baýragynyň, TSSR-iň Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi Weli Muhadow ýurdumyzda professional kompozitorlyk mekdebini esaslandyryjylaryň biridir. Döreden ajaýyp sazlary ýurdumyzyň saz sungatynyň ösmegine uly goşant bolan kompozitoryň döredijilik ýoly öwrenilmäge mynasypdyr.

Ýurdumyzdan daşarda-da meşhurlyk gazanmagy başaran kompozitor 1916-njy ýylda Bagyr obasynda dünýä inýär. Kakasy Muhat aganyň sazyň ölemen aşygy bolmagy jadylaýjy owazdan gulagy kemsiz ganan Weliniň bu käri saýlamagyna ýol açýar. Olaryň öýleri hemişe köp adamly bolup, sazyň şirin owazy Welini özüne maýyl edýär. Täçmämmet Suhangulyýew, Mylly Täçmyradow, Garly bagşy, Magtymguly Garly ýaly bagşy-sazandalaryň ýygy-ýygydan öýlerinde bolup, aýdym aýdyp, saz çalmaklary onuň aýdym-sazy söýmegine itergi berýär. Munuň özi Muhat aganyň beýleki çagalarynyň hem ýaşlykdan türkmen halkynyň milli saz sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna getirýär.

Pirmuhammet ÝALMANOW,
Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy.