Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Deňiz gämileri bilen daşary ýurtlara daşalýan karbamidiň möçberi artýar

Türkmenistanyň günbataryndaky Balkan welaýatynda ýerleşýän Garabogazyň karbamid-ammiak zawody (Garabogazkarbamid) şu ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda 994 müň tonna golaý karbamid öndürdi. Munuň özi meýilleşdirilen möçberiň 101,2 göterim ýerine ýetirilendigini görkezýär. Bu möçberden 75 müň tonna golaýy içerki bazara, 1 million 17 müň tonnasy hem daşary ýurtlara iberildi. Bu barada “Türkmenistan” gazetiniň çarşenbe günündäki sanynda habar berilýär.

Türkmen topragyndan — daşarky bazarlara

Bagtyýar halkymyz täze — 2025-nji ýyly zähmet üstünlikleri bilen garşylaýar. Şunda tamamlanyp barýan ýylda açylan täze kärhanalarda ýola goýlan netijeli önümçilikleriň hem mynasyp paýy bar. Oktýabr aýynda Türkmenabat şäheriniň eteginde açylyp ulanmaga berlen, buýan kökünden glisirrizin turşusyny öndürýän kärhananyň işini-de muňa mysal görkezmek bolar. Indi iki aýdan gowrak wagt bäri ýurdumyzda bu gymmatly önümiň ilkinji tonnalary öndürilýär. Kärhana şäheriň ikinji senagat zolagyndaky iň iri toplumlaryň biri bolup, onuň binalary deňesinden geçip barýan her bir ýolagçynyň ünsüni özünde egleýär. Kärhananyň altyn pula durýan önümlerine bolsa Merkezi Aziýanyň, tutuş yklymyň ünsi-islegi uly. Lukmanlaryň aýtmagyna görä, glisirrizin turşusy goşulan derman serişdeleri adam bedenini howply wiruslardan goramakda peýdalanylýar. Häzirki wagtda bu gymmatly önüm bütin dünýäniň derman senagatynda giňden ulanylýar. Şoňa görä, bu önüme isleg hem diýseň ýokary. Glisirrizin turşusynyň kosmetologiýada, azyk senagatynda hem ulanylýan ýerleri seýrek däl. Şeýle gymmatly önümiň çig maly bolan buýan köki Jeýhunyň kenarynda näçe diýseň bar. Ýeri gelende aýtsak, müň kilometrden gowrak aralygy ýurdumyzyň çäginden akyp geçýän Amyderýanyň kenar ýakalaryndan buýan köküni ýygnamak işleri indi asyrdan agdyk wagt bäri alnyp barylýar.

«Asman» mebellerine isleg artýar

Welaýatymyzyň hususyýetçileri Täze ýyly zähmet üstünlikleri bilen mynasyp garşylaýarlar. Olaryň arasynda Türkmenabat şäherindäki mebel önümlerini öndürýän «Asman» hususy kärhanasyny hem görkezmek bolar. — Döwrebap önümçiligimiz 2015-nji ýyldan bäri halkymyza hyzmat edip gelýär. Bu ýerde ilatyň ösen isleglerine laýyklykda mebel önümleriniň dürli görnüşi taýýarlanylýar. Hil derejesi ýokary bolan önümlere hyrydarlaryň sany hem günsaýyn artýar. Tamamlanyp barýan ýylda ilatyň hem-de edara-kärhanalaryň sargytlary esasynda mebelleriň onlarça görnüşini öndürdik. Önümçilik bölümlerinde Türkiýe döwletinden getirilen kämil enjamlary oturtdyk. Bu bolsa ýokary hil ölçeglerine gabat gelýän agaç hem-de aýna mebel önümlerini — aşhana we otag mebellerini, gapylary, ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda çagalara niýetlenilen mebelleri, ýatalgalary öndürmäge şert döretdi — diýip, hususy kärhananyň ýolbaşçysy Alişir Resulow söhbetdeş bolanymyzda gürrüň berdi.

Toprak hasylyny eçilende

Täze ýyl gapymyzy gowulyklar bilen kakyp dur. Biz eýýäm biri-birimize süýji arzuwlarymyzy aýdýarys, sowgatlarymyzy paýlaýarys. Iň gowy ýeri bolsa hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen ýurdumyzda önümleriň bolçulygynyň döredilmegidir. Gök önümlerdir miwelerden doly saçaklarymyz we bagtyýarlyk nuruna beslenýän öýlerimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda döredilýän eşretli durmuşyň waspyny özünde jemleýär. Bu görnüşler ýurdumyzda ykdysady taýdan täze ýörelgeleriň we çemeleşmeleriň önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy netijesinde azyklyk we beýleki önümleriň, gündelik durmuş harytlarynyň bolçulygynyň dörändigine şaýatlyk edýär.

Ykdysadyýetimiziň berk binýady

Halkymyzyň abadançylygyny has-da gowulandyrmak babatynda durmuşa geçirilýän asylly işler öz netijesini yzygiderli berýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetine sanly ulgamy ornaşdyrmak ugrundaky alnyp barlan işler has-da täze üstünliklere beslendi. Şeýle ähmiýetli işleriň özeninde «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» durandygyny agzamak mümkin. Bu resminama, ykdysadyýetimize sanly ulgamy ornaşdyrmakda we ösüşiň ýokary görkezijilerini gazanmakda ähmiýetli orny eýeleýär. Ýurdumyzyň pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ornaşdyrmak durnukly ösüşi üpjün etmek bilen birlikde, halkara derejesinde özboluşly hem-de milli önümçilik kuwwatymyzy äşgär edýär. Bu ugruň hukuk binýady hem has-da pugtalandyrylyp, degişli ugruň tapgyrlaýyn ösüşi kemala gelýär. Täze taryhy döwürde ylmyň iň täze gazananlarynyň durmuşymyza giňden ornaşdyrylmagy sanly ulgamyň sanardan köp mümkinçiliklerinden peýdalanmak üçin şert döredýär. Häzirki wagtda internet arkaly dürli harytlary oturan ýerimizde sargamak, dürli söwda işlerini alyp barmak, gündelik neşirler bilen tanyş bolmak, islendik kitaby okamak, welaýatara gatnaýan ulaglaryň dürli görnüşlerine petek almak ýaly sanly ulgamyň mümkinçilikleri durmuşymyza oňaýly täsirini ýetirýär.

Ösüşiň ak ýoly bilen

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan parasatly syýasatynyň netijesinde ykdysady düzümleriň özgerdilmegi, harytlaryň eksport ugurlarynyň diwersifikasiýasy, maýa goýumlaryň ösdürilmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň esasy görkezijileri, daşary söwda dolanyşygy has-da artýar. Milli ykdysadyýetimizi köpugurly esasda ösdürmekde, ýurduň pul-karz syýasatynyň ähmiýetini ýokarlandyrmakda, şol sanda pudaklaryň strategik wezipelerini ýerine ýetirmekde bank ulgamy çalt depginler bilen ösýär. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň kabul edilen maksatnamalarynda bellenilen wezipeler milli ykdysadyýetimize sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmekde, elektron senagatyny döretmekde, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmekde gaýragoýulmasyz wezipeler bolup durýar. Bu ugurda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy aýratyn ähmiýete eýedir. Bank ulgamyna sanly tehnologiýalaryň girizilmegi onuň hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin emeli aňyň, daş aralykdan hyzmat etmek üçin niýetlenen tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagyny talap edýär. Sanly ulgamda «Internet-bank», «Mobil-bank», «Elektron söwda», «Menzilara bank», «Sanly karz» ýaly hyzmatlar arkaly nagt däl hasaplaşyklary ýerine ýetirmek üçin

Täze desga ulanylmaga berildi

Baýramçylyk sowgady boldy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýan döwlet ähmiýetli, il-gün bähbitli tutumly işleriň bady artýar. Ilatyň arassa agyz suwy bilen üpjünçiligini gazanmak adam hakynda edilýän aladanyň biri bolup, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bu babatda netijeli işler durmuşa geçirilýär. Aýratynam, ýaşaýjylaryň arassa agyz suwy bilen ýeterlik üpjün edilmegi möhüm wezipeleriň biri bolup durýar.

Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby

Ösüşli geljegimiziň özeni Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim ulgamynda özgertmeleriň amala aşyrylmagy häzirki döwrüň häsiýetli aýratynlygydyr. Bilim ulgamynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy Türkmenistanda bilim özgertmeleriniň üstünlikli bolmagynyň girewidir. Okadylýan sapaklaryň täsirli guralmagynda multimediýa tagtasynyň täsiri örän uludyr.

Nebitçi — hormatly kär

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň nebitgaz ulgamynda uly möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ulgamyň kärhanalaryny, önümçilik düzümlerini ösdürmekde, senagat kuwwatyny artdyrmakda häzirki zamanyň talaplaryna laýyk gelýän täze tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Pudaga sanly maglumat tehnologiýalarynyň, öňdebaryjy tilsimatlaryň ornaşdyrylmagy bizi diýseň begendirýär. Men nebitçi kärini saýlap, nebitgaz pudagynda işlemegi çagalygymdan arzuw etdim. Häzir ýürekde beslän maksadymyza ýetmek üçin saýlap alan hünärimiziň inçe tilsimlerini irginsizlik bilen öwrenýäris. Welaýatymyzyň çäginde Goturdepe, Barsagelmez, Gamyşlyja, Keýmir, Çekişler, Akpatlawuk ýaly nebitgaz ýataklarynyň ençemesi bar. Şolar bilen birlikde, ýangyç gorlaryna baý täze meýdançalar hem senagat taýdan işjeň özleşdirilýär.

Ýurdumyzda noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklary doly derejede tölendi

Geçen hepde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşynyň birnäçe möhüm meseleleri girizildi. Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow çykyş edip, 6-njy dekabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň beren tabşyrygyna laýyklykda, eýeçiligiň görnüşine garamazdan, edara-kärhanalaryň ähli işgärlerine noýabr-dekabr aýlary üçin zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň 20-nji dekabra çenli doly tölenendigi barada hasabat berdi.

Sanly bank ulgamy halkyň hyzmatynda

Türkmenistanyň Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ykdysady strategiýasynda sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly ygtybarly milli bank ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berilýär. Bu wezipäni çözmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda kesgitlenildi, çünki karz edaralarynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyklykda guralmagy milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini, onuň ählumumy ykdysady gatnaşyklar ulgamyna işjeň goşulyşmagyny üpjün etmäge goşant goşýar. «Türkmenistanyň bank ulgamyny ösdürmegiň 2011 — 2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» we beýleki maksatnamalaryň kabul edilmegi hem-de durmuşa geçirilmegi bu ugurda anyk netijeleri gazanmakda möhüm ädim boldy. Bu resminamalary durmuşa geçirmek üçin kesgitlenen çärelere laýyklykda, häzirki wagtda ýurdumyzda banklaryň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak, ykdysadyýetiň pudaklaryna bölünip berilýän karz serişdeleriniň möçberini artdyrmak, bank-maliýe hasabatlaryny halkara standartlara laýyk getirmek, degişli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek maksady bilen anyk işler ýerine ýetirilýär. Öňdebaryjy usullar, iň täze tehnologiýalar arkaly nagt däl tölegleriň amala aşyrylma

«Mawy ýangyç» bökdençsiz ugradylýar

Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli energetika syýasaty esasynda döwletimiziň gazçylary ýurdumyzda tebigy gazyň çykarylýan möçberlerini artdyrmak, öndürilýän «mawy ýangyjyň» içerki hem daşarky sarp edijilere bökdençsiz, ygtybarly akdyrylmagyny üpjün etmek üçin tutanýerli zähmet çekýärler. Döwletimiz tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konserniniň gazçylarynyň öňlerinde goýulýan bu möhüm wezipäniň üstünlikli berjaý edilmegine «Türkmengazakdyryş» birleşiginiň «Gündogargazakdyryş» müdirliginiň iň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Şatlyk» gaz gysyjy desgasynyň hünärmenleridir işçilerem öz mynasyp goşandyny goşýarlar.

Baýlyk gory artdyrylýar

Gymmatly tebigy baýlygymyzy gazyp almak bilen birlikde onuň gorlarynyň üstüni doldurmak işleri üstünlikli dowam edýär. Bu möhüm işe ruhubelentlik bilen gatnaşyp, ýokary netijeleri gazanýanlaryň hatarynda «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň başarjaň hünärmenleri hem bar. Baýlyk agtaryjylaryň iş gerimi örän giň. Olar ýurdumyzyň günbatar sebitinde hem gözleg-buraw işlerini üstünlikli alyp barýarlar. Ýeriň çuňluklaryny burawlap, baýlygymyza baýlyk goşýanlaryň bir toparyna Magtym Mahmudow başarjaňlyk bilen ýolbaşçylyk edýär. — Golaýda Goturdepe käninde 1 müň 907-nji gözleg guýusyny burawlamagy üstünlikli tamamladyk. Şonda agzybir işgärlerimiz tarapyndan 3 müň 975 metr çuňluk burawlandy. Häzirki günlerde degişli hünärmenler işleriň tamamlaýjy tapgyryny ýerine ýetirýärler. Biz bu guýudan hem çig nebitiň senagat akymynyň alynmagyna garaşýarys — diýip, buraw ussasy Magtym Mahmudow gürrüň berýär.

Nah ýüplükler öndürilýär

Ýurdumyzyň beýleki künjeklerinde bolşy ýaly, Gyzylarbat etrabynda hem medeniýeti ösdürmek, medeni mirasy gorap saklamak, milli gymmatlyklarymyzy täzeden dikeltmek ugrunda asylly işler durmuşa geçirilýär. Milliligimizi öwrenmekde, onuň taryhy köklerini yzarlap, täsin syrlaryny açmakda, şeýle-de dürli önümleriň gönezligi bolan nah ýüplükleriň hilini has-da gowulandyrmakda balkanly dokmaçylaryň goşandy uludyr. Muňa mysal hökmünde, Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Balkandokma» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini görkezmek bolar. Kärhanada 570-den gowrak adam zähmet çekip, onda şu ýylyň 10 aýynda öndürilen önümiň mukdary 3625 tonna barabar boldy. «Balkandokma» kärhanasy iri önümçilik desgalarynyň biri bolup, esasy çig mal bolan pagta süýüminden dürli görnüşdäki nah ýüplükleri öndürýär. Olar içerki we daşarky bazarlara satuwa çykarylýar.

Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň Howa kodeksiniň 71-nji maddasyna laýyklykda, Türkmenistanyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça çäreleri meýilleşdirmek we amala aşyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň Döwlet maksatnamasy tassyklanyldy.

Ýanwar-noýabr: Türkmenistan bilen Özbegistanyň ulaglar arkaly söwda dolanyşygy $1,075 milliarddan geçdi

2024-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň möçberi 1,075 milliard ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hasabatynda maglumat berildi. Hasabat döwründe Özbegistan Türkmenistandan 964,9 million ABŞ dollaryna deň bolan önümi import etdi. Degişli döwürde ýurduň Türkmenistana eksporty 110,4 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Hytaý emeli adada iň iri howa menzili gurmakçy

Hytaý dünýäde emeli adadaky iň uly howa menzilini gurar. Taslamanyň bahasy 4,3 mlrd dollar diýip, «South China Morning Post» gazetine salgylanýan «Belta.by» portaly ýazýar. Menzil demirgazyk-gündogardaky Dalýan şäherinde gurlar, ol köp adamly port şäher bolmak bilen, Ýaponiýa we Koreýa Respublikasy bilen berk ykdysady gatnaşyklara eýedir.

Birža täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 15-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň hem-de Owganystanyň işewürleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen az kükürtli ýangyç mazudyny, suwuklandyrylan gazy satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Serbiýanyň işewür toparlarynyň wekilleri guradylan buýan köküni we buýan köküniň baldagyny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 37 million 320 müň dollaryna deň boldy.

Ýurdumyzyň beýik ösüşleri

Ýurdumyzda her bir ýylymyz, her bir günümiz uly üstünliklere beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hem ösüşli ýyllaryň biridir. Ýurdumyzyň ähli pudaklarynyň üstünlikli ösdürilmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da gowulandyrylmagy aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şonuň bilen bir hatarda ýurtda daşary söwdanyň, döwletara ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini has-da giňeltmek boýunça düýpli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň milli ykdysadyýetini ösdürmek, ylmy taýdan esaslandyrylan işleri sazlaşykly ýola goýmak boýunça ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Aýratyn hem, ylmy-tehniki innowasion ösüşlere, öňdebaryjy işläp taýýarlamalar tejribelerine uly ähmiýet berilýär. Bu beýik işleriň ählisi halkymyzyň bagtyýar ýaşaýşyna, abadan durmuşyna gönükdirilendir. Häzirki wagtda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Täze maksatnamada ykdysadyýetiň ähli ugurlary aýdyň beýan edilýär, möhüm maksatlar ýola goýulýar. Berkarar Watanymyzda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän täze sepgitler hormatly Prezidentimiziň beýik işleriniň, durmuşa geçirilýän belent maksatlaryň rowaçlanýandygyny görkezdi. Gazanylan beýik ösüşler ýurdumyzyň aýdyň ýollardan barýandygyny we röwşen geljeginiň has-da ösüşlidigini dünýä aýan etdi. Döwür öňe tarap barýar, durm

Halk bäh­bi­di­ni na­zar­lap...

«7/24.tm»: №52 (239) 23.12.2024 Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­ky­ny­şy döw­rün­de ýur­dumyzyň ka­nun­çy­lyk bin­ýa­dy pug­ta­lan­dy­ryl­ýar. Ar­ka­dag­ly Gahryman Ser­da­ry­myz ýur­du­my­zyň yk­dy­sa­dy­ýe­ti­niň pu­dak­la­ry­nyň iş­le­ri­ni mun­dan beý­läk-de ös­dür­mek bo­ýun­ça mak­sat­na­ma­la­ry ama­la aşyr­mak­da äh­li müm­kin­çi­lik­le­ri dö­re­dip ber­ýär. Şeý­le hem ýur­du­my­zyň bank ul­ga­my­ny döw­re­bap­laş­dyr­mak­, nyrh­la­ryň dur­nuk­ly­ly­gy­ny üp­jün et­mek­ halk ho­ja­ly­gy top­lu­my­nyň karz se­riş­de­le­ri­ne bo­lan is­leg­le­ri­ni ka­na­gat­lan­dyr­ma­ga we bank hyz­mat­la­ry­nyň hi­li­ni ýo­kar­lan­dyr­ma­ga gö­nük­di­ri­len­dir. Döw­let býu­je­ti­niň Türk­me­nis­ta­ny dur­muş-yk­dy­sa­dy taý­dan ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry­nyň, Ma­ýa go­ýum Mak­sat­na­ma­sy­nyň tas­la­ma­la­ry­ny taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän iş­le­riň ne­ti­je­le­ri mak­sa­da la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Şu nuk­daý­na­zar­dan hem ýur­du­myz­da ma­ýa go­ýum ýag­da­ýy­ny go­wu­lan­dyr­mak, ma­li­ýe ul­ga­my­ny döw­re­bap ýag­da­ýa ge­tir­mek, Kons­ti­tu­si­ýa­my­za la­ýyk­lyk­da ba­zar yk­dy­sa­dy­ýe­ti­ni eme­le ge­tir­me­gi çalt­lan­dyr­mak üçin göz öňün­de tu­tu­lan giň ge­rim­li öz­gert­me­ler do­wam et­di­ril­ýär. Döw­let pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň yk­dy­sa­dy gör­ke­