Dramaturglaryň bäsleşigi

16 Fewral 2024
494

16-njy fewralda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginde 2023-nji ýylda ýurdumyzyň dramaturglaryň arasynda yglan edilen döredijilik bäsleşiginiň jemine bagyşlanan dabaraly maslahat geçirildi. Onda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň teatrlarynda sahnalaşdyrylýan pýesalaryň hilini ýokarlandyrmak, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi barada gürrüň berýän sahna eserlerini döredýän dramaturglary höweslendirmek maksady bilen yglan edilen bäsleşigiň jemi jemlendi. Emin agzalarynyň gelen netijelerine görä, bäsleşikde 1-nji orna «Maşgalam — baş galam» pýesasy bilen dramaturg Gowşutgeldi Daňatarow, 2-nji orna «Şygyr diwany» drama eseri bilen ýazyjy Hemra Şirow, 3-nji orna bolsa «Altyn sallançak» pýesasy bilen Oguljemal Çaryýewa we Baýramgeldi Çaryýew dagy mynasyp boldy.

Şeýle-de şahyr Öre Daşgynow «Kelamyň güýji», ýazyjy Öwezmyrat Berdimyradow, žurnalist Atamyrat Şagulyýew «Paryzdepe», Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Nursoltan Derýaýewa, Aýjeren Gadamowa, Käbe Sarenko we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Begenç Amaşow dagynyň drama eserleri höweslendiriji baýraklara mynasyp görüldi. Bäsleşigiň ýeňijilerine gymmat bahaly sowgatlar we diplomlar gowşuryldy.

«Edebiýat we sungat».