Maşgala ojagy – edep-terbiýäniň milli mekdebi

21 Fewral 2024
147

Halkymyzyň gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan baý medeni mirasy, milli däp-dessurlary bar. Bu gymmatlyklar nesilden-nesle geçip has-da kämilleşipdir. Şolaryň biri hem maşgala gymmatlygydyr. Halkymyzda maşgala terbiýesine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Watana, il-güne bolan belent söýgi maşgala terbiýesinden başlanýar. Maşgala döwletimiziň, jemgyýetimiziň ilkinji düzümidir. Hawa, halkymyzyň döwletlilik ýörelgesiniň milli aýratynlyklary bar. Ýurdumyzda doglan gününiň 300 ýyllygyna giňden taýýarlyk görülýän akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz goşgy setirlerinde: “Huda berse sagadatly bir perzent, garrygan çagyňda ýaş eder seni” diýýär. Dogrudan hem, perzendiň wepalylygy maşgala ojagyndan başlanýar.

Türkmen halky öz nesliniň akylly, sagdyn, ukyp-başarnykly, zähmetsöýer bolup ýetişmegine örän ünsli çemeleşipdir. Olar çagalaryna ýaşlykdan ulyny sylamak, kiçini söýmek ýaly asylly häsiýetleri öwredipdirler. Çagajyk heniz nämäniň nämedigini bilmeýän wagtlary ejesiniň ak arzuwlara eýlenen hüwdüsiniň owazy bilen ulaldylýar. Ol perzendiniň lebzi halal, tutanýerli, myhmansöýer bolup ýetişmegi üçin aladalanýar. Çaga esasan hem, ýaşlykdan gören göreldesine eýerýär. Onuň edep-terbiýesiniň düýp binýady hem terbiýäniň ilkinji basgançagy hasaplanýan hem-de kemala gelýän maşgaladan gözbaş alýar. Şunda ata-enäniň ýagşy gylyk-häsiýetleri perzentler üçin durmuş mekdebi bolup durýar.

Akjagül HAÝDAROWA
Dänew etrabynyň 10-njy orta mekdebiniň mugallymy