"Bereketli toprak" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-60-64, 38-60-87, 38-60-67
Email: bereketlitoprak@sanly.tm

Habarlar

Gowaçanyň ýokary hasylly «Daşoguz – 120» sorty

Gowy hilli tohum ekerançylyk işinde esasy serişdeleriň biri bolup durýar, şonuň üçin hem Boldumsaz etrabynyň pagtaçylary tohumçylyk işine uly ähmiýet berýärler. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda etrabyň gowaça meýdanlarynyň agramly böleginde gowaçanyň «Daşoguz — 120» sorty ekildi. Etrabyň pagtaçylaryny gowaçanyň bu görnüşiniň ýokary hilli tohumy bilen üpjün etmekde «10 ýyl Abadanlyk» daýhan birleşiginde ýerleşýän saýlantgy tohumçylyk hojalygynyň işgärleri netijeli işleri alyp barýarlar. Şu ýyl hem bu tohumçylyk hojalygynda gürrüňi edilýän gowaçanyň 3,5 gektar ýerde tohummaýa, 40,18 gektarda bolsa naýbaşy, 329 gektara golaý meýdanda saýlantgy görnüşi ekilip, 127 gektardan gowrak ýerde bolsa «A — 1» görnüşi ösdürilip, olaryň idegleri edilýär.

Ekin gowy — ynam uly

Ýylyň-ýylyna şol bir ýerden ýylda iki hasyl almak bilen, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan Garagum etrabynyň gallaçylarynyň birnäçesi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu asylly işlerini dowam etdirip, 5 müň gektar meýdanda güýzlük gant şugundyryny ekmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Şeýle bolansoň, etrabyň daýhan birleşikleriniň 4-siniň, daýhan hojalyklarynyň bolsa 16-synyň gallaçylary hasylyny ýygnan däne meýdanlarynda maksatlarynyň myrat tapmagyny gazanmak üçin joşgunly zähmet çekdiler. Yzy ekijili traktorlaryň 20-ä golaýynyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde her günde ortaça 200 gektara golaý meýdanda ýokary hilli ekiş amala aşyryldy. Güýzlük gant şugundyrynyň irki möhletlerde ekiş geçirilen ýerlerinde «Baýramaly», «Ak altyn» we «Garagum kanaly» daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň birnäçesiniň endigan gögeriş alnan meýdanlarynda otag we hatarara bejergi işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu bolsa etrabyň gant şugundyrçylarynyň şu ýyl azyndan 62 müň 580 tonna şugundyr hasylyny öndürip, ýylymyzyň azyk bolçulygyny has hem artdyrjakdyklaryna bolan ynamyňy berkidýär.

Ussat çykyp, gojalyga gol beren (Oçerk)

Gör-ä, ol günlerden bäri atyzlara nijeme gezek tohum sepilip, näçe gezekler harman atylypdyr?! Takyk ýadymda, 1987-nji ýylyň güýz aýlarynyň ahyrydy. Şol wagtky Oktýabr raýony (häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etraby) Watana pagta tabşyrmak baradaky borçnamasyny abraý bilen berjaý edipdi. Iň öňdebaryjy hojalygam «Gyzyl güýç» kolhozy bolupdy. Şol wagtky suratynda oba ýolbaşçysy Soltanmyrat Seýitmyradow bagana telpegi kellesine gelşik berip duran, atýüzlüräge-de, kakçekge adamdy. Ine, häzir meniň bilen çaýlaşyp oturan welin, togsan ýaşy tegeläp barýan goja.

Muny bilmek gyzykly!

Ösümlikler dünýäsiniň syrlary — Dünýädäki iň gymmat gül «altyn Kinabalu» diýlip atlandyrylýar. Malaýziýanyň Kinabalu dagynda ösýän bu gül 15 ýaşynda gülleýär.

Jogapkärli möwsüm

Ak bugdaý etrabynda dowarlaryň güýz gyrkymyna taýýarlykly gelnip, oňa guramaçylykly girişildi. Öňünden görlen göwnejaý taýýarlyk işleri möwsümiň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagyna şert döredýär. Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem möwsüm üçin oňaýly sebitler, Garagum sährasynyň ähli amatlyklary bolan ýerleri saýlanyp alyndy. Gyrkyma gatnaşýanlar göwnejaý iş we dynç alyş şertleri bilen üpjün edildi. Bu bolsa maldarçylykda möhüm işleriň biri hasaplanýan dowarlaryň gyrkymynyň ýokary depgine eýe bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Pellerde bereket bar

Sarahs etrabynda ilkinjileriň hatarynda daýhan hojalygyny döreden daýhanlaryň biri-de Azatguly Gylyjowdyr. Daýhançylykdan baý iş tejribesi bolan Azatguly daýhan hojalygyny döretmek baradaky pikirini maşgala agzalaryna aýdanda, olar bu usulda işlemegi birbada özleri üçin garaňky görmän hem durmadylar. Ýöne işiň täzeçe usullary, bähbitli ugurlary olary imrindirdi. Şeýdip, maşgala agzalary bu pikiri goldap, täzeçe usulda işlemäge girişdiler. Azatguly Gylyjow özüniň döreden daýhan hojalygyna «Rysgally miwe» diýip at goýdy. Daýhan hojalygynyň hasabyna bölünip berlen 160 gektar meýdanda maşgala agzalary bilen oba hojalyk ekinlerini ýetişdirip başlady. Birleşen tagallalaryň netijesinde ýyllar üstünliklere beslendi. Döwlete däne, pagta tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklar berjaý edilip, maşgala agzalaryna uly girdeji gelip başlady. Bu bolsa olary has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Gawun — behişdi nygmat

Eziz Diýarymyzyň bereketli topragynda örän irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän naz-nygmatlaryň naýbaşylarynyň biri hem hoşboý ysly türkmen gawunydyr. Şu günler ak bazarlarymyzda ussat daýhanlarymyzyň yhlasy bilen ýetişdirilen gawun-garpyzlara gözüň düşende gözüň dokunýar. Bu datly nygmatlar saçaklarymyzyň bezegi bolup, lezzetine taý tapylmadyk önümlerdir. Datlylygy bilen türkmen desterhanynyň berekedini artdyrýan türkmen gawuny babadaýhanlarymyzyň rysgal çeşmesiniň gözbaşydyr. Gawun ata Watanymyzda gadymy döwürlerden bäri ekilýär. Bu hakynda alym N.I.Wawilow: «Bütin Orta Aziýa, şeýle hem Türkmenistan dünýä boýunça gawunlaryň watany hasaplanýar. Baryp-ha, antik eýýamynda gawun ajaýyp azyklyk iýmit hasaplanypdyr. Şol eýýamda gawunyň ösdürilip ýetişdirilmegine Gäwürgaladan tapylan gawun çigitleri hem şaýatlyk edýär» diýip belleýär. K.I.Pangalo bolsa: «Özüniň azyklyk gymmaty boýunça türkmenlerde gawun bugdaýdan soň ikinji orunda durýar» diýip, ýurdumyzyň ekerançylygynda gawunyň ornunyň gymmatlydygyny aýdyp geçýär.

Ýeralmanyň dünýä boýunça eksporty

Statistik maglumatlara nazar aýlap, ýeralmany eksportedýän ýurtlaryň sanawynda öňdeligi eýelän döwletler bilen tanşyp bolýar. Halkara söwda merkeziniň (ITC) maglumatlaryna laýyklykda, 2022-nji ýylda ýeralmanyň dünýä boýunça eksporty 5 milliard amerikan dollaryna golaý bolupdyr.

Işler sazlaşykly alnyp barylýar

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem şeýle boldy: 34 müň 500 gektara gowaça eken etrabyň pagtaçylary häzir ekinleriň bol hasyl toplamagy üçin ähli tagallalary edýärler. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda 74 müň tonna gowaça hasylyny ýygnap almagy meýilleşdiren ýer eýeleri ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmek bilen bir hatarda, pagta ýygym möwsümine taýýarlyk işlerini-de utgaşykly alyp barýarlar. Etrabyň «ak altyn» ussatlary şu ýyl hem howa we toprak şertlerimize uýgunlaşan, kesellere durnukly, köp hasyl berýän «Ýolöten — 7» orta süýümli, «Ýolöten — 14» inçe süýümli gowaçalary ösdürip ýetişdirdiler. Gowaçaly meýdanlaryň ählisiniň ussat kärendeçilere we daýhan hojalyklaryna bölünip berilmegi ekinlere göwnejaý hyzmat etmäge giň mümkinçilik berdi. Olar gowaçalaryň her gektaryna ortaça 500 kilogramdan karbamid, azot ýaly himiki we mineral dökünleri berdiler. Suwy şerbet usulynda az akym bilen siňňitli berip, hatarara bejergi işlerini hem agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirdiler. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleri-de göwnejaý ýola goýuldy. Munuň özi gowaçalaryň bol hasyl toplamagyna şert döredýär.

Baglar miwesi bilen gözel

Maýagülüň ýetişdirýän datly miweleri barada eşidenem bolsam, bagyna baryp görmändim. Bir günem alýaňak almalaryň, goşýumruk ýaly garalylaryň bişip ýetişen wagty bagban zenanyň bagynyň üstünden ýolum düşdi. Gözüňi dokundyryp duran seteran miweli agaçlar, «Agramyna şahasyny döwäýmese ýagşydyr» diýdirýän saryly, gyzylly, gök almalar hem ünsümi baglasa baglandyr welin, meni geň galdyran zat bagyň ortasynda gurlan ykjamja çatma boldy. Ol ýerde edebi çeşmelerde adyny köp eşidýän, gadymy ülňüde gurlan supa bardy. Dogrusy, beýle supany ilkinji gezek görşümdi. Çatmanyň aşagynda toýun palçykdan salnyp, samanly suwag bilen suwalan supanyň üstüne hmel, tekoma gülleri dyrmaşyp, saýa salyp dur. Daş-töweregindäki miwelerini güjeňleşip oturan baglar: «Zähmet çekip ýadanyňdan soňra, lezzet bilen dynç alaýmaly ýer ekeni» diýdirýär. — Biz muňa çatma diýemizok. Bu biziň ikinji öýümiz. Diňe men däl, oglumam, gelinlerimem, agtyklarymam ýazdan güýze çenli şu ýerde bolýar — diýip, Maýagül iş gurallaryny ýerli-ýerinde goýup, tertipläp durşuna gürrüň berýär.

Möwsüme ykjam taýýarlanylýar

Gowaça meýdanlarynda kärendeçi daýhanlaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde ýetişdirilen «ak altyny» bökdençsiz kabul etmäge we ony gaýtadan işlemäge ykjam taýýarlyk görmek, şu günleriň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda Köneürgenç etrabyndaky döwrebap pagta arassalaýjy kärhanada hem işler sazlaşykly alnyp barylýar. Kärhananyň garamagyndaky 7 sany pagta kabul ediş harmanhanalarda abatlaýyş çäreleri ýokary depginde dowam etdirilip, öňde duran wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegine zerur şertler döredilýär. Kärhanada bar bolan 23 sany dürli kysymly traktorlaryň, 46 sany pagta daşalýan tirkegleriň ýetmezçilikleri düzedilip, möwsüme taýýarlanylýar. Bu tehnikalar ýyglan «ak altynyň» harmanhanalara bökdençsiz getirilmegine ýardam berer. Şeýle hem kärhananyň işgärleriniň, mehanizatorlaryň arasynda möwsümde ýangyn-tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň ýollary barada düşündiriş işleri geçirilýär. Gülhumar HOJAHMETOWA,TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Gant şugundyryna ideg edilýär

Aralyk ekin hasaplanylýan gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletde, ýokary hilli geçiren welaýatyň hasyl ussatlary kadaly gögeriş alnan meýdanlardaky ýaş ekinlere ideg işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 17 müň 900 gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçiren kärendeçilerdir telekeçiler, daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň işjanly agzalary ekinleriň tohum alşyndan çen tutup, azyndan 224 müň tonna gant şugundyryny öndürmek arzuwy bilen, öndürijilikli zähmet çekýärler. Bazar bolçulygyny döretmäge we gazanylan azyk garaşsyzlygyny berkitmäge önjeýli goşant goşýan ýer eýeleriniň häzirki wagtda kimsi ekinlere gögeriş suwuny berse, irki möhletlerde ekiş geçirip, kadaly gögeriş gazanan daýhanlar ekinleri haşal otlardan arassalamak, ýekelemek işlerini dowam etdirýärler. Şonuň bilen bir wagtda-da hatarara bejergi işlerini geçirmäge hem birkemsiz taýýarlykly geldiler. Ekinlere ideg etmek işleri Garagum, Baýramaly, Sakarçäge, Mary etraplarynda has-da göwnejaý alnyp barylýar.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Ýer gadyryny daýhan biler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygyna hem aýratyn üns berilýär. Bu pudakda zähmet çekýän her bir daýhana toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Tohum, dökün, kuwwatly tehnikalar, himiki serişdeler, suw bilen ýeterlik üpjün edilýän ýer eýeleri bu günki gün bol hasyl almagyň aladasy bilen gurşalýarlar.

Yhlas üstünlik getirýär

Häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy özleriniň mynasyp zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda Görogly etrabynyň «Berkarar» daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileriniň amala aşyrýan işleri hem guwandyryjy netijeleri berýär. Munuň şeýledigini olaryň şu ýylyň bugdaý oragy möwsüminde 850 gektar meýdandan 1630 tonnanyň ornuna, 1676,9 tonna ýokary hilli galla hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, bu baradaky meýilnamany diňe bir şu etrapda däl, eýsem welaýatymyzda hem ilkinjileriň hatarynda, artygy bilen berjaý edendikleri-de aýdyň tassyklaýar. Şeýle belent sepgide ýetilmeginde birleşigiň her gektardan 50 — 60 sentnerden bugdaý öndüren Durdymät Durdymädow, Allaberdi Töräýew, Ogultumar Bäşgulyýewa ýaly gallaçy kärendeçileriniň saldamly goşantlary bar. Daýhan birleşiginiň gallaçylaryna uly abraý getiren bu üstünligi has-da berkitmek maksady bilen, şu günlerde bu ýerde yhlasly zähmet çekýän pagtaçy daýhanlaryň berjaý edýän çäreleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar şu ýylyň baharynda gowaça ekilen 1320 gektar meýdanda kadaly gögeriş almak bilen, bejergi işlerine-de öz wagtynda girişip, onuň göwnejaý ösüşini üpjün etdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda birleşigiň ekin meýdanlarynda birkemsiz ýüke durup ýetişen köreklere, köp sanly gül-gunçalara basyrynyp oturan bitgin gowaçalarda nazaryň eglenýär.

Bir etrapdan iki habar

Gowaçalar zyýan berijilerden goralýar Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary şu ýyl 18000 gektar ýerde döwletimiziň gymmatly baýlygy bolan «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Pagtaçy kärendeçiler häzirki wagtda gowaçalara ösüş suwuny tutmak, olaryň ujuny çyrpmak we gül-gunçalara beslenip oturan gowaçalary zyýan beriji mör-möjeklerden goramak işlerini dowam etdirýärler. Welaýat ösümlikleri goramak bölüminiň şu etrapdaky baş hünärmeni Nuraly Baýatow bilen söhbetdeş bolanymyzda, gowaçalary zyýan berijilerden goramak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda şeýle gürrüň berdi:

Ýurdumyzyň welaýatlarynda

EKSPORTA NIÝETLENEN ÝÜPLÜKLER Kaka etrabynda ýerleşýän «Serdar» pagta egriji fabrik eksport ugurly ýüplükleri öndürmekde ugurdaş kärhanalaryň arasynda öňdebaryjylaryň biri hasaplanýar.

Bagban bagyndan belli

Güneşli Diýarymyzda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ak bazarlarymyzyň islendigine barsaň, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gök, bakja ýaly oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda, dürli miweler hem gözüňi dokundyrýar. Bu ugurda ussat bagbanlarymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler. «Ýaryşly iş — ýeňişli iş» diýlişi ýaly, geçirilýän ýaryşdyr bäsleşikler önümçiligi öňe iterip, zähmet ussatlaryny ýüze çykarýar. Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý mekanynda «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli bagbanlaryň 6-sy gatnaşdy. Onda bagbanlar özleriniň bagbançylyk tejribeleri bilen tanyşdyrdylar, ylymda gazanylanlary toplan tejribeleri bilen utgaşdyryp alyp barmagyň ýollary barada gürrüň berdiler. «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň geçirilişi dogrusynda guramaçylardan Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Berdimyrat Ýakubow şeýle gürrüň berdi:

Daýhan yhlasy – bereket bulagy

Balkan welaýatynda geljek 2024-nji ýylda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek, öňde goýlan borçnamany ýerine ýetirmek babatda şu günlerden alada edilýär. Bu ugurda däne ekiljek ýerler eýýämden bugdaý ekişine doly taýýarlanylmaga girişildi. Häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilip, ekişe gatnaşjak tehnikalary taýýarlamak, ýerleri fosfor dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Welaýatymyz boýunça geljek ýyl müň gektara ak bugdaýyň tohumy sepilip, ondan bol hasyl almak göz öňünde tutulýar. Şu günler welaýatymyzda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, ýagny hatarara bejergi we ösüş suwuny tutmak, şeýle-de zerur bolan ýerlerde gowaça zyýankeşleriniň we keselleriň öňüni alyş, göreş çäreleri geçirilýär. Belent sepgitleri nazarlaýan daýhanlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat boýunça 13 müň gektardan 16 müň tonna gowaça hasylyny almak meýilleşdirýärler.

Ak hanalar köpelýär

Şu günler Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary 162 müň gektar meýdana eken gowaçalarynyň bol hasyl toplamagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. «Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, ekin meýdanlarynda ilkinji açylan ak hanalar peýda bolup başlady. Olaryň sany bolsa günsaýyn köpelip, pagtaçylaryň guwanjyna guwanç goşýar. Muňa garamazdan, hasyla hasyl goşulýan awgust aýynda ösümliklere edilýän yhlasly aladalar birjik-de gowşadylanok. Gowaçaly meýdanlarda joşgunly zähmet möwç urýar. Hatarara bejergisiniň depginini güýçlendirmek, suw tutmak, has ir ýetişen ýerlerde gowaçalaryň ujuny çyrpmak we beýleki möhüm işler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem sebitde pagta ýygymyna taýýarlyk işlerine-de uly üns berilýär. Baýramaly, Garagum, Sakarçäge etraplarynyň «ak altyn» ussatlarynyň şu günlerki çekýän zähmetleri bilen ýakyndan tanşanyňda bolsa, bu etraplaryň zähmetsöýer adamlarynyň nusga alarlyk iş bitirýändiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň. Umuman, ýygym möwsüminde mähriban Watanymyzyň pagta harmanyna şu ýyl 359 müň tonna hasyl goşmagy özleriniň baş maksadyna öwüren edermen pagtaçylaryň üstümizdäki ýylda-da ene toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynamlary uly.

Ýagşyny ile ýaýsaň... (zarisowka)

Her pasyl özüniň gözelligi bilen gelýär. Tebigatyň goýnuny datly miweler bilen bezeýän zerewşan tomus paslynda bu ýylam deriňi sarkdyrýan yssy howa höküm sürýärdi. Şeýle günlerde her kim salkyn howaly, gözel tebigatly ýerleri agtarýar. Şol döwürde günuzyn Aşgabat — Magtymguly etrap aralygyna ýolagçy gatnadýan ulagda günbatara — dag etegine tarap ýola düşdüm. Ulagyň aýnasyndan jana melhem, sergin howaly, şypaly otlaryň gögerip biten ýeri Gargyly obasynyň täsin tebigatyny synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Dagyň beýikli-pesli ýollaryndan geçenimizden soň, ýoluň dowamy bizi mellek ýerlerinde işleşip ýören oba adamlarynyň üstünden eltdi. — Armyt ýygýarlar öýdýän? — diýip, sürüji Resul aganyň ýüzüne seretdim. Ara salym salmanam sürüjä derek: