Bagban bagyndan belli

16 Awgust 2023
283

Güneşli Diýarymyzda halkymyzyň abadan, bolelin durmuşda ýaşamagy ugrunda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ak bazarlarymyzyň islendigine barsaň, daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen gök, bakja ýaly oba hojalyk önümleri bilen bir hatarda, dürli miweler hem gözüňi dokundyrýar. Bu ugurda ussat bagbanlarymyz oba hojalyk pudagyny ösdürmek ugrunda ýadawsyz zähmet çekýärler.

«Ýaryşly iş — ýeňişli iş» diýlişi ýaly, geçirilýän ýaryşdyr bäsleşikler önümçiligi öňe iterip, zähmet ussatlaryny ýüze çykarýar. Mary şäherindäki «Bagt köşgi» toý mekanynda «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Oňa bäsleşigiň deslapky tapgyrlarynda ýeňiji bolan zehinli bagbanlaryň 6-sy gatnaşdy. Onda bagbanlar özleriniň bagbançylyk tejribeleri bilen tanyşdyrdylar, ylymda gazanylanlary toplan tejribeleri bilen utgaşdyryp alyp barmagyň ýollary barada gürrüň berdiler. «Ussat bagban» atly hünär bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň geçirilişi dogrusynda guramaçylardan Kärdeşler arkalaşyklarynyň Mary welaýat birleşmesiniň utgaşdyryjysy Berdimyrat Ýakubow şeýle gürrüň berdi:

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).