Daýhan yhlasy – bereket bulagy

15 Awgust 2023
408

Balkan welaýatynda geljek 2024-nji ýylda ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýetişdirmek, öňde goýlan borçnamany ýerine ýetirmek babatda şu günlerden alada edilýär. Bu ugurda däne ekiljek ýerler eýýämden bugdaý ekişine doly taýýarlanylmaga girişildi. Häzirki wagtda geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekiljek meýdanlarda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilip, ekişe gatnaşjak tehnikalary taýýarlamak, ýerleri fosfor dökünleri bilen iýmitlendirmek işleri geçirilýär. Welaýatymyz boýunça geljek ýyl müň gektara ak bugdaýyň tohumy sepilip, ondan bol hasyl almak göz öňünde tutulýar.

Şu günler welaýatymyzda gowaça ekilen meýdanlarda ideg işleri, ýagny hatarara bejergi we ösüş suwuny tutmak, şeýle-de zerur bolan ýerlerde gowaça zyýankeşleriniň we keselleriň öňüni alyş, göreş çäreleri geçirilýär. Belent sepgitleri nazarlaýan daýhanlar Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda welaýat boýunça 13 müň gektardan 16 müň tonna gowaça hasylyny almak meýilleşdirýärler.

Aýnatäç NEDIROWA,
TAP-nyň Balkanabat şäher komitetiniň esasy hünärmeni.