Bir etrapdan iki habar

16 Awgust 2023
438

Gowaçalar zyýan berijilerden goralýar

Köneürgenç etrabynyň zähmetsöýer daýhanlary şu ýyl 18000 gektar ýerde döwletimiziň gymmatly baýlygy bolan «ak altynyň» bereketli hasylyny ýetişdirýärler. Pagtaçy kärendeçiler häzirki wagtda gowaçalara ösüş suwuny tutmak, olaryň ujuny çyrpmak we gül-gunçalara beslenip oturan gowaçalary zyýan beriji mör-möjeklerden goramak işlerini dowam etdirýärler. Welaýat ösümlikleri goramak bölüminiň şu etrapdaky baş hünärmeni Nuraly Baýatow bilen söhbetdeş bolanymyzda, gowaçalary zyýan berijilerden goramak boýunça alnyp barylýan işler dogrusynda şeýle gürrüň berdi: