Jogapkärli möwsüm

22 Awgust 2023
323

Ak bugdaý etrabynda dowarlaryň güýz gyrkymyna taýýarlykly gelnip, oňa guramaçylykly girişildi. Öňünden görlen göwnejaý taýýarlyk işleri möwsümiň bellenen meýilnama laýyklykda alnyp barylmagyna şert döredýär.

Ozalky ýyllarda bolşy ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem möwsüm üçin oňaýly sebitler, Garagum sährasynyň ähli amatlyklary bolan ýerleri saýlanyp alyndy. Gyrkyma gatnaşýanlar göwnejaý iş we dynç alyş şertleri bilen üpjün edildi. Bu bolsa maldarçylykda möhüm işleriň biri hasaplanýan dowarlaryň gyrkymynyň ýokary depgine eýe bolmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Humaý ÝOLLYÝEWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň hünärmeni.