Möwsüme ykjam taýýarlanylýar

17 Awgust 2023
365

Gowaça meýdanlarynda kärendeçi daýhanlaryň ýadawsyz zähmetiniň netijesinde ýetişdirilen «ak altyny» bökdençsiz kabul etmäge we ony gaýtadan işlemäge ykjam taýýarlyk görmek, şu günleriň esasy aladalarynyň biri bolup durýar. Şoňa görä-de, bu ugurda Köneürgenç etrabyndaky döwrebap pagta arassalaýjy kärhanada hem işler sazlaşykly alnyp barylýar. Kärhananyň garamagyndaky 7 sany pagta kabul ediş harmanhanalarda abatlaýyş çäreleri ýokary depginde dowam etdirilip, öňde duran wezipeleriň doly ýerine ýetirilmegine zerur şertler döredilýär. Kärhanada bar bolan 23 sany dürli kysymly traktorlaryň, 46 sany pagta daşalýan tirkegleriň ýetmezçilikleri düzedilip, möwsüme taýýarlanylýar. Bu tehnikalar ýyglan «ak altynyň» harmanhanalara bökdençsiz getirilmegine ýardam berer. Şeýle hem kärhananyň işgärleriniň, mehanizatorlaryň arasynda möwsümde ýangyn-tehniki howpsuzlyk düzgünlerini berjaý etmegiň ýollary barada düşündiriş işleri geçirilýär.

Gülhumar HOJAHMETOWA,
TAP-nyň Köneürgenç etrap komitetiniň esasy hünärmeni.