Gant şugundyryna ideg edilýär

17 Awgust 2023
277

Aralyk ekin hasaplanylýan gant şugundyrynyň ekişini agrotehniki möhletde, ýokary hilli geçiren welaýatyň hasyl ussatlary kadaly gögeriş alnan meýdanlardaky ýaş ekinlere ideg işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda 17 müň 900 gektar meýdanda ýokary hilli ekiş geçiren kärendeçilerdir telekeçiler, daýhan birleşikleriniň we daýhan hojalyklarynyň işjanly agzalary ekinleriň tohum alşyndan çen tutup, azyndan 224 müň tonna gant şugundyryny öndürmek arzuwy bilen, öndürijilikli zähmet çekýärler.

Bazar bolçulygyny döretmäge we gazanylan azyk garaşsyzlygyny berkitmäge önjeýli goşant goşýan ýer eýeleriniň häzirki wagtda kimsi ekinlere gögeriş suwuny berse, irki möhletlerde ekiş geçirip, kadaly gögeriş gazanan daýhanlar ekinleri haşal otlardan arassalamak, ýekelemek işlerini dowam etdirýärler. Şonuň bilen bir wagtda-da hatarara bejergi işlerini geçirmäge hem birkemsiz taýýarlykly geldiler. Ekinlere ideg etmek işleri Garagum, Baýramaly, Sakarçäge, Mary etraplarynda has-da göwnejaý alnyp barylýar.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).