Yhlas üstünlik getirýär

16 Awgust 2023
553

Häzirki dowam edýän Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylymyzy özleriniň mynasyp zähmet üstünliklerine beslemek ugrunda Görogly etrabynyň «Berkarar» daýhan birleşiginiň başarjaň kärendeçileriniň amala aşyrýan işleri hem guwandyryjy netijeleri berýär. Munuň şeýledigini olaryň şu ýylyň bugdaý oragy möwsüminde 850 gektar meýdandan 1630 tonnanyň ornuna, 1676,9 tonna ýokary hilli galla hasylyny Watan harmanyna tabşyryp, bu baradaky meýilnamany diňe bir şu etrapda däl, eýsem welaýatymyzda hem ilkinjileriň hatarynda, artygy bilen berjaý edendikleri-de aýdyň tassyklaýar. Şeýle belent sepgide ýetilmeginde birleşigiň her gektardan 50 — 60 sentnerden bugdaý öndüren Durdymät Durdymädow, Allaberdi Töräýew, Ogultumar Bäşgulyýewa ýaly gallaçy kärendeçileriniň saldamly goşantlary bar.

Daýhan birleşiginiň gallaçylaryna uly abraý getiren bu üstünligi has-da berkitmek maksady bilen, şu günlerde bu ýerde yhlasly zähmet çekýän pagtaçy daýhanlaryň berjaý edýän çäreleri-de bellenilmäge mynasypdyr. Çünki olar şu ýylyň baharynda gowaça ekilen 1320 gektar meýdanda kadaly gögeriş almak bilen, bejergi işlerine-de öz wagtynda girişip, onuň göwnejaý ösüşini üpjün etdiler. Şeýlelikde, häzirki wagtda birleşigiň ekin meýdanlarynda birkemsiz ýüke durup ýetişen köreklere, köp sanly gül-gunçalara basyrynyp oturan bitgin gowaçalarda nazaryň eglenýär.

Gutlymyrat AŞYROW,
«Daşoguz habarlary».