Ekin gowy — ynam uly

22 Awgust 2023
472

Ýylyň-ýylyna şol bir ýerden ýylda iki hasyl almak bilen, azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşýan Garagum etrabynyň gallaçylarynyň birnäçesi Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem bu asylly işlerini dowam etdirip, 5 müň gektar meýdanda güýzlük gant şugundyryny ekmek işlerini üstünlikli tamamladylar. Şeýle bolansoň, etrabyň daýhan birleşikleriniň 4-siniň, daýhan hojalyklarynyň bolsa 16-synyň gallaçylary hasylyny ýygnan däne meýdanlarynda maksatlarynyň myrat tapmagyny gazanmak üçin joşgunly zähmet çekdiler.

Yzy ekijili traktorlaryň 20-ä golaýynyň bökdençsiz işledilmegi netijesinde her günde ortaça 200 gektara golaý meýdanda ýokary hilli ekiş amala aşyryldy. Güýzlük gant şugundyrynyň irki möhletlerde ekiş geçirilen ýerlerinde «Baýramaly», «Ak altyn» we «Garagum kanaly» daýhan birleşikleriniň hem-de daýhan hojalyklarynyň birnäçesiniň endigan gögeriş alnan meýdanlarynda otag we hatarara bejergi işleri gyzgalaňly dowam etdirilýär. Bu bolsa etrabyň gant şugundyrçylarynyň şu ýyl azyndan 62 müň 580 tonna şugundyr hasylyny öndürip, ýylymyzyň azyk bolçulygyny has hem artdyrjakdyklaryna bolan ynamyňy berkidýär.

Allaberdi SAPARGELDIÝEW,
öz habarçymyz.