Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

16 Awgust 2023
359

Ýer gadyryny daýhan biler

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ähli pudaklary bilen bir hatarda oba hojalygyna hem aýratyn üns berilýär. Bu pudakda zähmet çekýän her bir daýhana toprakdan bol hasyl almak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Tohum, dökün, kuwwatly tehnikalar, himiki serişdeler, suw bilen ýeterlik üpjün edilýän ýer eýeleri bu günki gün bol hasyl almagyň aladasy bilen gurşalýarlar.