Gawun — behişdi nygmat

22 Awgust 2023
439

Eziz Diýarymyzyň bereketli topragynda örän irki döwürlerden bäri ösdürilip ýetişdirilýän naz-nygmatlaryň naýbaşylarynyň biri hem hoşboý ysly türkmen gawunydyr. Şu günler ak bazarlarymyzda ussat daýhanlarymyzyň yhlasy bilen ýetişdirilen gawun-garpyzlara gözüň düşende gözüň dokunýar. Bu datly nygmatlar saçaklarymyzyň bezegi bolup, lezzetine taý tapylmadyk önümlerdir. Datlylygy bilen türkmen desterhanynyň berekedini artdyrýan türkmen gawuny babadaýhanlarymyzyň rysgal çeşmesiniň gözbaşydyr.

Gawun ata Watanymyzda gadymy döwürlerden bäri ekilýär. Bu hakynda alym N.I.Wawilow: «Bütin Orta Aziýa, şeýle hem Türkmenistan dünýä boýunça gawunlaryň watany hasaplanýar. Baryp-ha, antik eýýamynda gawun ajaýyp azyklyk iýmit hasaplanypdyr. Şol eýýamda gawunyň ösdürilip ýetişdirilmegine Gäwürgaladan tapylan gawun çigitleri hem şaýatlyk edýär» diýip belleýär. K.I.Pangalo bolsa: «Özüniň azyklyk gymmaty boýunça türkmenlerde gawun bugdaýdan soň ikinji orunda durýar» diýip, ýurdumyzyň ekerançylygynda gawunyň ornunyň gymmatlydygyny aýdyp geçýär.

Ogulbagt HOJALYÝEWA,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň baş hünärmeni.