Ak hanalar köpelýär

15 Awgust 2023
412

Şu günler Mary welaýatynyň «ak altyn» ussatlary 162 müň gektar meýdana eken gowaçalarynyň bol hasyl toplamagy üçin yhlasly zähmet çekýärler. «Yhlasa – myrat» diýlişi ýaly, ekin meýdanlarynda ilkinji açylan ak hanalar peýda bolup başlady. Olaryň sany bolsa günsaýyn köpelip, pagtaçylaryň guwanjyna guwanç goşýar. Muňa garamazdan, hasyla hasyl goşulýan awgust aýynda ösümliklere edilýän yhlasly aladalar birjik-de gowşadylanok. Gowaçaly meýdanlarda joşgunly zähmet möwç urýar. Hatarara bejergisiniň depginini güýçlendirmek, suw tutmak, has ir ýetişen ýerlerde gowaçalaryň ujuny çyrpmak we beýleki möhüm işler agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda, ýokary depginde alnyp barylýar. Şeýle hem sebitde pagta ýygymyna taýýarlyk işlerine-de uly üns berilýär. Baýramaly, Garagum, Sakarçäge etraplarynyň «ak altyn» ussatlarynyň şu günlerki çekýän zähmetleri bilen ýakyndan tanşanyňda bolsa, bu etraplaryň zähmetsöýer adamlarynyň nusga alarlyk iş bitirýändiklerine aýdyň göz ýetirýärsiň.

Umuman, ýygym möwsüminde mähriban Watanymyzyň pagta harmanyna şu ýyl 359 müň tonna hasyl goşmagy özleriniň baş maksadyna öwüren edermen pagtaçylaryň üstümizdäki ýylda-da ene toprakdan bol hasyl aljakdyklaryna ynamlary uly.

Kakageldi MÄMMEDOW,
TDP-niň Baýramaly etrap komitetiniň jogapkär işgäri.