Işler sazlaşykly alnyp barylýar

19 Awgust 2023
377

Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň oba zähmetkeşleri ýylyň-ýylyna gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Bu Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem şeýle boldy: 34 müň 500 gektara gowaça eken etrabyň pagtaçylary häzir ekinleriň bol hasyl toplamagy üçin ähli tagallalary edýärler.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýunyň belleniljek ýylynda 74 müň tonna gowaça hasylyny ýygnap almagy meýilleşdiren ýer eýeleri ekinlere agrotehnikanyň talaplaryna laýyk ideg etmek bilen bir hatarda, pagta ýygym möwsümine taýýarlyk işlerini-de utgaşykly alyp barýarlar. Etrabyň «ak altyn» ussatlary şu ýyl hem howa we toprak şertlerimize uýgunlaşan, kesellere durnukly, köp hasyl berýän «Ýolöten — 7» orta süýümli, «Ýolöten — 14» inçe süýümli gowaçalary ösdürip ýetişdirdiler. Gowaçaly meýdanlaryň ählisiniň ussat kärendeçilere we daýhan hojalyklaryna bölünip berilmegi ekinlere göwnejaý hyzmat etmäge giň mümkinçilik berdi. Olar gowaçalaryň her gektaryna ortaça 500 kilogramdan karbamid, azot ýaly himiki we mineral dökünleri berdiler. Suwy şerbet usulynda az akym bilen siňňitli berip, hatarara bejergi işlerini hem agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirdiler. Gowaçalaryň ujuny çyrpmak işleri-de göwnejaý ýola goýuldy. Munuň özi gowaçalaryň bol hasyl toplamagyna şert döredýär.

Welmuhammet GALANDAROW.
(Öz habarçymyz).