Pellerde bereket bar

22 Awgust 2023
315

Sarahs etrabynda ilkinjileriň hatarynda daýhan hojalygyny döreden daýhanlaryň biri-de Azatguly Gylyjowdyr. Daýhançylykdan baý iş tejribesi bolan Azatguly daýhan hojalygyny döretmek baradaky pikirini maşgala agzalaryna aýdanda, olar bu usulda işlemegi birbada özleri üçin garaňky görmän hem durmadylar. Ýöne işiň täzeçe usullary, bähbitli ugurlary olary imrindirdi. Şeýdip, maşgala agzalary bu pikiri goldap, täzeçe usulda işlemäge girişdiler.

Azatguly Gylyjow özüniň döreden daýhan hojalygyna «Rysgally miwe» diýip at goýdy. Daýhan hojalygynyň hasabyna bölünip berlen 160 gektar meýdanda maşgala agzalary bilen oba hojalyk ekinlerini ýetişdirip başlady. Birleşen tagallalaryň netijesinde ýyllar üstünliklere beslendi. Döwlete däne, pagta tabşyrmak boýunça meýilnamalaýyn tabşyryklar berjaý edilip, maşgala agzalaryna uly girdeji gelip başlady. Bu bolsa olary has-da yhlasly işlemäge ruhlandyrdy.

Akmyrat MÜRZÄÝEW,
öz habarçymyz. SURATDA: daýhan hojalygynyň ýolbaşçysy Azatguly Gylyjow gowaça meýdanynda. Surata düşüren awtor.