Ýagşyny ile ýaýsaň... (zarisowka)

15 Awgust 2023
458

Her pasyl özüniň gözelligi bilen gelýär. Tebigatyň goýnuny datly miweler bilen bezeýän zerewşan tomus paslynda bu ýylam deriňi sarkdyrýan yssy howa höküm sürýärdi. Şeýle günlerde her kim salkyn howaly, gözel tebigatly ýerleri agtarýar. Şol döwürde günuzyn Aşgabat — Magtymguly etrap aralygyna ýolagçy gatnadýan ulagda günbatara — dag etegine tarap ýola düşdüm. Ulagyň aýnasyndan jana melhem, sergin howaly, şypaly otlaryň gögerip biten ýeri Gargyly obasynyň täsin tebigatyny synlamagyň özboluşly lezzeti bar. Dagyň beýikli-pesli ýollaryndan geçenimizden soň, ýoluň dowamy bizi mellek ýerlerinde işleşip ýören oba adamlarynyň üstünden eltdi.

— Armyt ýygýarlar öýdýän? — diýip, sürüji Resul aganyň ýüzüne seretdim. Ara salym salmanam sürüjä derek:

Ogulnar GURBANMÄMMEDOWA,
žurnalist.