Baglar miwesi bilen gözel

17 Awgust 2023
589

Maýagülüň ýetişdirýän datly miweleri barada eşidenem bolsam, bagyna baryp görmändim. Bir günem alýaňak almalaryň, goşýumruk ýaly garalylaryň bişip ýetişen wagty bagban zenanyň bagynyň üstünden ýolum düşdi. Gözüňi dokundyryp duran seteran miweli agaçlar, «Agramyna şahasyny döwäýmese ýagşydyr» diýdirýän saryly, gyzylly, gök almalar hem ünsümi baglasa baglandyr welin, meni geň galdyran zat bagyň ortasynda gurlan ykjamja çatma boldy. Ol ýerde edebi çeşmelerde adyny köp eşidýän, gadymy ülňüde gurlan supa bardy. Dogrusy, beýle supany ilkinji gezek görşümdi. Çatmanyň aşagynda toýun palçykdan salnyp, samanly suwag bilen suwalan supanyň üstüne hmel, tekoma gülleri dyrmaşyp, saýa salyp dur. Daş-töweregindäki miwelerini güjeňleşip oturan baglar: «Zähmet çekip ýadanyňdan soňra, lezzet bilen dynç alaýmaly ýer ekeni» diýdirýär.

— Biz muňa çatma diýemizok. Bu biziň ikinji öýümiz. Diňe men däl, oglumam, gelinlerimem, agtyklarymam ýazdan güýze çenli şu ýerde bolýar — diýip, Maýagül iş gurallaryny ýerli-ýerinde goýup, tertipläp durşuna gürrüň berýär.

Şöhrat ABDYÝEW,
Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti.