Ussat çykyp, gojalyga gol beren (Oçerk)

22 Awgust 2023
555

Gör-ä, ol günlerden bäri atyzlara nijeme gezek tohum sepilip, näçe gezekler harman atylypdyr?! Takyk ýadymda, 1987-nji ýylyň güýz aýlarynyň ahyrydy. Şol wagtky Oktýabr raýony (häzirki Saparmyrat Türkmenbaşy etraby) Watana pagta tabşyrmak baradaky borçnamasyny abraý bilen berjaý edipdi. Iň öňdebaryjy hojalygam «Gyzyl güýç» kolhozy bolupdy.

Şol wagtky suratynda oba ýolbaşçysy Soltanmyrat Seýitmyradow bagana telpegi kellesine gelşik berip duran, atýüzlüräge-de, kakçekge adamdy. Ine, häzir meniň bilen çaýlaşyp oturan welin, togsan ýaşy tegeläp barýan goja.

Gurbannazar ORAZGULYÝEW,
ýazyjy.