Magtymguly we Omar Haýýam
Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň Gündogar edebiýatynyň taryhyndan oňat habarly bolandygyna, onuň beýik wekillerine uly sarpa goýandygyna şahyryň onlarça goşgusy şaýatlyk edýär. Şahyr ussatlaryň ýoluny tutmagy, olara eýermegi hemişe arzuwlap gezipdir. Onuň: «Kämil tapsaň, goý ýolunda başyňy // Är yzynda gezseň, är dek bolar sen» ýada «Yhlas bile bir kämile gol beren // Ýeter maksadyna ýetmeýen galmaz» ýaly setirleri beýiklere, ussatlara bolan ýokary derejedäki hormatsarpasyndan habar berýär. Şahyryň umumadamzat medeniruhy hazynasyna giren şygyrlarynyň biri bolan «San bolsam» onuň ýürekde beslän arzuwlaryny beýan edýän ajaýyp goşgularynyň biridir. Şahyr bu goşgusynda Abu Sagyt Abulhaýyr, BediguzZaman Ahmet ibn Hüseýni Hemedany, Abulkasym Ferdöwsi, Nyzamy Genjewi, Hafyz Şirazy, Jelaleddin Rumy, Abdyrahman Jamy, Alyşir Nowaýy, Zahyreddin Babyr ýaly edebiýat äleminde özüni tanadan şahyrlaryň atlaryny beýik halypalar hökmünde tutýar. Bu meşhur goşguda Gündogaryň uly söz ussady Omar Haýýamyň ady hem uly hormat bilen ýatlanylýar. «Horasanyň ymamy», «Hakykatyň subutnamasy» ýaly abraýly lakamlary göteren belli alym we şahyr Omar Haýýamyň doly ady Kyýaseddin Abulfeth Omar ibn Ybrahym Haýýam Nyşapurydyr. Omar Haýýamyň dünýä inen döwri, çagalygy, ýetginjekligi 23 ýyl hökümdarlyk eden seljuk soltany Togrul begiň zamanasyna gabat gelse, ömrüniň ahyrky gojalyk döwürleri 39 ýyl hökümdarly