Magtymguly Pyragy – pähim-paýhasa ýugrulan, asyrlardan joşgun bilen ýagtylygyny saçan akyldar şahyr. Ol türkmen halkynyň buýsanjy sebäbi, adamzat kalbynyň içinden eriş-argaç bolup geçýän şygryýet şalygynyň hökümdarydyr. Şygyrlary bilen şöhle saçýan Magtymguly Pyragy diňe bir türkmen halkynyň buýsanjy bolman, eýsem, dünýä halklarynyň ýüreginde ornaşdy. Muňa jogap edip, türkmen we daşary ýurt ýazyjylarynyň, şahyrlarynyň, alymlarynyň Magtymguly Pyragy hakda aýdanlaryndan parçalary mysal getirmek ýerlikli bolar.
Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize diňe onuň hoşasyny çöpläýmek galýar.